BSGG GLOBAL SANLY SAGLYK ŞAHADATNAMA TORUNY DÖRETMEKÇI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

global sanly saglyk sahadatnamaBütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Ýewropa Komissiýasy global sanly saglyk şahadatnamalaşdyryş ulgamyny işe girizmek üçin hyzmatdaşlygy yglan etdiler. Ulgam Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) üstünlikli ýola goýan COVID-19 sanly şahadatnama toruna esaslanyp, global hereketi ýeňilleşdirmäge we adamlary pandemiýa ýaly saglyk howplaryndan goramaga kömek eder. Bu hyzmatdaşlyk dünýäde has gowy saglyk hyzmatlaryny bermek üçin BSGG-nyň Global sanly saglyk şahadatnama toruny (GSSŞT) döretmek ugrundaky ilkinji ädimdir.

BSGG bilen ÝB-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk BSGG-a agza ähli ýurtlara deňligi, innowasiýany, aç-açanlygy we maglumatlary goramagy ileri tutýan, açyk çeşmeli sanly saglyk guralyna elýeterliligi üpjün etmegi maksat edinýär. ÝB-nyň COVID-19 sanly şahadatnamasy (EU DCC) pandemiýa döwründe ÝB-nyň çäginde erkin hereket etmekde möhüm rol oýnady. Bu başlangyç ÝB-nyň global saglyk strategiýasyna we BSGG-nyň sanly saglyk boýunça global strategiýasyna laýyk gelýär; başlangyç global saglyk meseleleri boýunça strategiki hyzmatdaşlygy güýçlendirýär we köptaraplaýyn ulgamy gowulandyrýar; şeýle hem, maglumatlaryň gizlinligini goramagy we galplygyň öňüni almagy maksat edinýär.

BSGG-nyň we ÝB-nyň hyzmatdaşlygy BSGG-nyň GSSŞT ulgamyny ösdürmekde, dolandyrmakda we ornaşdyrmakda ýakyn işleşmegi hem öz içine alar. Global standarta öwrülen ÝB-nyň COVID-19 sanly şahadatnamalary bu hyzmatdaşlygyň çäginde netijeli işlemegini dowam eder.

BSGG bilen Ýewropa komissiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli adamlara gowy saglyk hyzmatlaryny bermek üçin uzak möhletleýin borçnamadyr. Başlangyç BSGG-nyň ulgamynyň tehniki ösüşini tapgyrlaýyn amala aşyrmagy öz içine alar. Meselem: Halkara waksina ýa-da Profilaktika şahadatnamalarynyň sanlaşdyrylmagyny goşmak.

Hyzmatdaşlyk aç-açanlyk, inklýuziwlik, jogapkärçilik, maglumatlaryň goraglylygy, şahsy maglumatlaryň eldegrilmesizligi, howpsuzlyk, giň gerimlilik we deňlik ýaly, umumy gymmatlyklara esaslanýar. Iki gurama hem döwletleriň başlangyja goşulmagy, esasan hem pes we orta girdejili ýurtlaryň gatnaşmagy üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmek boýunça işleşerler.

GSSŞT-ny döretmegiň peýdalary:

↪ Adamlar saglyk maglumatlary boýunça erkin hereket edip bilerler;

↪ Saglygy goraýyş işgärleri idegiň dowamlylygyny saklamak üçin lukmançylyk ýazgylaryny has aňsat barlap bilerler;

↪ Hökümetler ýurduň içinde we halkara derejede pasiýentiň ýazgylaryny ygtyýarly edaralardan bermek we olary barlamak üçin standartlary, mehanizmleri üpjün edip biler.

  • 241 gezek okalan