ÖZBEGISTANDA MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ KYNÇYLYKLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

ozb mayyplaryn kyncylyklaryBütindünýä Banky 2023-nji ýylyň başynda Özbegistan üçin analitiki hasabat çykardy. Hasabatda maýyplygy bolan adamlaryň sosial-ykdysady integrasiýasy (inklýuziýasy) üçin durmuşa geçirilmeli syýasy çäreler we maslahatlar bellenilip geçilýär.

Maýyplygyň ýaýrawy:

↪ 3 we ondan uly ýaşly ilatyň 13.5%-iniň haýsy hem bolsa bir görnüşli maýyplygy bar;

↪ Ilatyň 3.5%-iniň çynlakaý maýyplygy bar;

↪ Maýyplygy bolan ilatyň köp bölegini (54%) 60 ýaşdan ulular düzýär;

↪ Ilatyň 2.3%-i (845,300 adam) resmi taýdan maýyp diýlip hasaba alnan.

Durmuş şertleri:

↪ Saglyk öýlerinde, sosial üpjünçilik edaralarynda, okuw jaýlarynda we köpçülik ulaglarynda maýyplar üçin şertler çäkli bolup galýar. Maýyplygy bolan adamlaryň 77%-i köpçülik ulaglaryndan kanagatlanmaýar;

↪ Maýyplygy bolan adamyň kolýaskasyna mätäçleriň diňe 27%-inde kolýaska bar;

↪ Aragatnaşyk päsgelçilikleri sebäpli, maýyplygy bolanlaryň 54%-i doly maglumat alyp bilmeýärler.

Bilim we zähmet:

↪ Maýyplygy bolan çagalar köplenç öýde ýa-da aýratyn mekdeplerde okadylýar. Soňky geçirilen reformalar köp ugurly çagalar baglarynyň we olara gatnaýan çagalaryň sanyny ep-esli azaltdy. Olara gatnamasyny bes eden çagalara näme bolandygy barada maglumat ýok;

↪ Olara berilýän orta bilimiň kemçiligi ýa-da pesligi, şeýle-de ýokary okuw jaýlarynyň binalarynda maýyplygy bolanlar üçin şertleriň ýoklugy zerarly, maýyplygy bolan ýaşlaryň we ýetginjekleriň köpüsi ýokary bilim alyp bilmeýärler;

↪ 2019-njy ýylda maýyplygy bolan adamlaryň işe ýaramlylarynyň diňe 7.1%-i işgär bolup işleýän eken;

↪ Maýyplygy bolan adamlara diňe işe ýaramlylyk derejesine görä däl-de, eýsem edip bilýän işleriniň görnüşlerine görä hem kepilnama berýärler. Bu bolsa olaryň iş tapmak mümkinçiligini has-da çäklendirýär.

Saglygy goraýyş:

↪ Saglygy goraýyş, abilitasiýa we reabilitasiýa hyzmatlary çäklendirilen;

↪ Maýyplygy bolan adamlar üçin saglyk ulgamynda, şol sanda reproduktiw saglyk hyzmatlarynda ýetmezçilikler bar.

BMG-nyň maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky konwensiýasynyň (CRPD) durmuşa geçirilişi

Özbegistanda CRPD-niň düzgünlerini ýerine ýetirmek we maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny goramak boýunça ýörite döredilen utgaşdyryjy toparlar kemçilik edýär. Muny gazanmak üçin ýeterlik serişdeler sarp edilmeli we işgärler türgenleşdirilmeli.

CRPD-ni öňe sürmek, goramak we barlap durmak üçin Özbegistan milli utgaşdyryjy topar döretmeli ýa-da bar bolan topary güýçlendirmeli. Maýyplygy bolan adamlaryň edara-ara geňeşi milli utgaşdyryjy toparyň ornuny tutup hem biler, emma bu maýyplygy bolan adamlara bagyşlanan guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlygy we geňeşiň potensiýalyny ösdürmegi talap edýär. Syýasy çäreleridir kanunlary taýýarlamaga, durmuşa geçirmäge we täsirini ölçemäge maýyplygy bolan adamlara bagyşlanan guramalar gatnaşdyrylmaly. Häzirki wagtda CRPD-niň durmuşa geçirilişinde garaşsyz toparlaryň gatnaşygy kemçilik edýär. Milli adam hukuklary edaralary, adalatçylaryň edaralary, maýyplygy bolan adamlara bagyşlanan guramalar we beýleki guramalar garaşsyz toparlar hökmünde hyzmat edip bilerler.

Kanunlaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmekde maýyplygy bolan adamlaryň we olaryň wekilleriniň gatnaşygy hem çäklendirilen. Özbegistanda raýat jemgyýeti heniz hem gowy ösmedik we hökümete degişli däl guramalar köpçülikleýin iş alyp barmakda, resminamalary düzeltmekde we maliýe üpjünçiliginde yzygiderli kynçylyklara sezewar bolýarlar.

Maslahatlar:

↪ CRPD maksatnamalarynyň ýerlikli durmuşa geçirilmegi we maýyplygy bolan adamlaryň hukuklarynyň goralmagy üçin ýörite utgaşdyryjy toparlar döredilmeli;

↪ Maýyplygy bolan adamlara hyzmat etmäge bagyşlanan edaralara öz jogapkärçiliklerini netijeli ýerine ýetirip bilerler ýaly ýeterlik serişdeleri we türgenleşikleri üpjün etmeli;

↪ CRPD-niň durmuşa geçirilişine işjeň gözegçilik etmäge adalatçynyň edarasyna ýol bermeli;

↪ Maýyplygy bolan adamlara degişli guramalaryň ygtyýarlyklaryny we gerimini giňeltmeli we olaryň CRPD-niň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşmagyny gazanmaly;

↪ Hökümete degişli däl guramalaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna çäre görmeli we maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny öňe sürmekde olaryň işjeň gatnaşygyny gazanmaly. 

  • 284 gezek okalan