"HEMMELERE SAGLYK" FILM FESTIWALYNYŇ ÝEŇIJILERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

health for allBSGG tarapyndan gurnalan 4-nji ýyllyk Hemmelere Saglyk Film Festiwalynda (HSFF) saglyk aragatnaşygyna goşant goşýan global filmlere baýraklar berdi.

HSFF – BSGG-nyň "Saglygy goramak üçin aragatnaşyk saklamak" çemeleşmesiniň esasy elementlerinden biri audiowizual dil diýen umumy çaklama esaslanýar. Jaýdar düşürilen we gowy maksatly gysga filmler kämahal adamlary özlerini alyp baryşlaryny üýtgetmäge höweslendirýär ýa-da adamlaryň herekete geçmegi üçin bilim, motiwasiýa ýa-da ukyp hödürläp, käbir toparlaryň saglygyny gönüden-göni gowulandyryp biler.

Şu ýyl festiwala müňden gowrak film hödürlendi. Filmler birnäçe kategoriýalara bölünýär. Grand Prix baýraklary "ähliumumy saglygyň elýeterliligi", "adatdan daşary saglyk ýagdaýlary", "has gowy saglyk we abadançylyk" kategoriýalary boýunça berildi. Şeýle hem, "klimatyň üýtgemegi we saglyk", "jynsy we reproduktiw saglyk", "iň gowy talyp filmi" we "iň gysga film" üçin 4 baýrak gowşuryldy.

Ýeňijiler:

↪ "Jonatanyň gudratly aýagy" atly, Sierra Leone-dan ýöremek we futbol oýnamak üçin çaýşyk dabanlygyň hötdesinden gelen oglan hakyndaky film ähliumumy saglygyň elýeterliligi kategoriýasynda ýeňiji boldy;

↪ Adatdan daşary saglyk ýagdaýlary kategoriýasynyň ýeňijisi – "COVID bilen ýüzbe-ýüz bolan şepagat uýalary" atly Braziliýanyň filmi pandemiýa döwründe saglygy goraýyş işgärleriniň duçar bolýan kyn şertlerini şekillendirýär;

↪ "36 milliondan biri" atly film bangladeşli üçünji synp okuwçysynyň gurşun zäherlenmesi sebäpli ýadyň ýitmeginden ejir çekýänligini görkezip, has gowy saglyk we abadançylyk kategoriýasynda Grand Prix baýragyna mynasyp boldy.

Beýleki görnükli ýeňijiler:

↪ Klimatyň üýtgemegi we saglyk kategoriýasynyň ýeňijisi klimatyň üýtgemeginiň we gender esasly zorlugyň arabaglanyşygyny gözden geçirýän "Haçan-da klimatyň üýtgemegi zorluga öwrülende" atly hindi filmi boldy;

↪ Ysraýylyň "Wulwo we Dainiya" filmi jynsy gatnaşyk wagtynda lezzet alyp bilmezlik bilen bagly seksual saglyk meselesini şekillendirip, jynsy we reproduktiw saglyk kategoriýasynda ýörite baýrak aldy.

Akyl saglygyna bagyşlanan iki film hem baýraga mynasyp boldy. Germaniýanyň "Durmuşdan bogulýaryn" atly animasion filmi COVID-19 karantini wagtynda ekrany we sosial mediýany aşa köp ulanmagy sebäpli bir ýaş adamyň ýiti depressiýa düşüşini görkezýär. Film iň gowy talyp film kategoriýasynda baýraga eýe boldy.

"Aýnalar" atly şwed filmi iň gowy gysga film kategoriýasynyň ýeňijisi boldy. Filmiň maksady akyl saglygynyň biabraýçylyk hasapalanmagyna garşy göreşmek bolup, filmde meşhur aktýor özüniň aýnadaky sudury bilen negatiw gürrüňler edýär.

BSGG Hemmelere saglyk film festiwalynyň eýýäm indiki ýylky bäsleşigini meýilleşdirýär. Bäsleşige film hödürlemek üçin kabul edişlik 1-nji noýabrda başlar.

Çeşme: NPR

  • 303 gezek okalan