ENDOMETRIOZYŇ DÖREÝŞI BARADA TÄZE AÇYŞ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

endometriozyn doreysiUzak wagtlap ýüze çykarylmadyk bakterial ýokançlyk endometriozyň döremegine sebäp bolup biler. Endometrioz – reproduktiw ýaşdaky aýal-gyzlaryň 10%-ine täsir edýän agyryly ginekologik bozulmadyr.

Science Translational Medicine lukmançylyk žurnalynyň 155 sany aýalyň (ýarsyndan gowragy endometriozly we ýarysy endometriozsyz) gatnaşmagynda geçiren täze barlagynyň netijesi:

↪ Endometriozly aýallaryň 64%-niň ýatgysynda fuzobakteriýa ýüze çykaryldy;

↪ Sagdyn aýallaryň 10%-den azragynyň ýatgysynda bakteriýalar tapyldy.

Indiki ädim: Nagoya uniwersitetiniň alymlary syçan modellerinde barlag geçirdiler we şulary öwrendiler:

↪ Fuzobakteriýa syçanlara berlenden soň endometrial ýaralar köpeldi;

↪ Syçanlara berlen antibiotikler tendäki ýaralaryň sanyny we agramyny ep-esli azaltdy.

Sitata: "Esasy tapylan zat fuzobakteriýa ýokançlygydyr" diýip, barlagyň awtory we onkolog Yutaka Kondo aýtdy.

Geljekki gözlegler: Kondonyň bellemegine görä, antibiotikler iň soňky çözgüt bolup bilmez. Ýöne, netijeler miýofibroblasty işjeňleşdirýän prosesleri petikleýän bejergileriň gelejekki uly barlagyň maksady bolup biljekdigini görkezýär.

  • 270 gezek okalan