ŞAHSY IDEG AÝY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

sahsy ideg ayy24-nji iýunda Şahsy ideg aýy başlanyp, 24-nji iýulda Şahsy ideg güni bilen tamamlanýar. Bu simwolik günüň bellenilmeginiň sebäbi şahsy idegi günde 24 sagat/hepdede 7 gün berjaý edip bolýar. Bir aýyň dowamynda bütin dünýäniň adamlary özüňe ideg etmegi we onuň her adamyň durmuşyny nädip üýtgedip biljekdigini baýram edýärler.

Şahsy ideg näme?

BSGG şahsy idegi şahsyýetleriň, maşgalalaryň we jemgyýetleriň saglygy goraýyş hünärmenleriniň goldawy bilen ýa-da olaryň goldawy bolmazdan, öz saglygyny gowulandyrmagy we gorap saklamagy, keselleriň öňüni almagy, keseliň we maýyplygyň hötdesinden gelmegi diýip kesgitleýär.

Şahsy idegiň ýollary haýsylar?

Şahsy idegiň ýollary özüňe gowy seretmegiň subutnamalara esaslanýan usullarydyr. Olara dermanlar, maslahatlar, anyklaýyş enjamlary we sanly tehnologiýalar degişli. Häzirki wagtda, bu usullar barha kämilleşýän gurallar arkaly ösdürilýär.

Şahsy ideg näme üçin möhüm?

Şahsy ideg – adamlary hemişe öz saglyklarynyň aladasyny etmäge höweslendirmekden ybaratdyr. Şahsy ideg diňe bir edilmesi dogry iş bolman, eýsem saglyk ulgamlaryna basyşyň barha artýanlygy üçin muňa gyssagly zerurlyk bar. Şol basyşlar aşakdakylary öz içine alýar:

↪ 4.3 milliard adama saglyk öýlerinde esasy saglyk hyzmatlaryndan peýdalanmak elýetersiz.

↪ 2030-njy ýyla çenli Ählumumy saglygy goraýşy (ÄSG) gazanmak we durnukly saklamak üçin dünýäde 18 million saglyk işgäriniň ýetmezçilik etmegine garaşylýar.

↪ Häzirki wagtda, dünýä ilatynyň bäşden biri ynsanperwer krizisinde ýaşap, saglyk ulgamlary esasy hyzmatlary bermekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

↪ COVID-19 ýaly pandemiýalar, ýaragly çaknyşyklar we klimatyň üýtgemegi dünýädäki saglygy goraýyş hyzmatlaryny surnukdyrdy we iş ýüküni artdyrdy.

Şahsy ideg we özüňe seretmegiň ýollary saglygy goraýşyň gelejeginiň bir bölegidir. Bu saglyk ulgamlarynyň ýerini tutujy hökmünde kabul edilmän, saglyk ulgamyny güýçlendirmeli.

Şahsy ideg aýynda men näme edip bilerin?

↪ Twitterde @HRPresearch sahypasyny we BSGG-nyň sebitleýin we milli habarlaryny gözden geçirip duruň. BSGG bir aýyň dowamynda şahsy idegiň ýollary bilen baglanyşykly maglumatlary, täze ösüşleri we çäreleri paýlaşar.

↪ Ýaşaýan sebitiňizde şahsy ideg boýunça haýsydyr bir çäräniň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklaň hem-de oňa gatnaşyň.

↪ Saglygyňyzy berkitmek we abadançylygyňyzy gowulandyrmak üçin özüňize nädip ideg edip biljekdigiňizi pikirleniň.

Çeşme: WHO

  • 255 gezek okalan