TEJRIBEDEN SAPAK ALSAK: PANDEMIÝA TAÝÝARLYKDA NÄMELER ÝETMEZÇILIK EDÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

pandemiya tayyarlykda yetmezcilikCOVID-19 pandemiýasy Pandemiýa ylalaşygyny baglaşmak, Pandemiýa gaznasyny döretmek ýaly gelejekdäki saglyga abanýan howplary çözmek üçin ençeme teklipleriň öňe sürülmegine itergi berdi. "Ýöne, täze çözgüt tapmak ugrunda bar bolan pandemiýanyň öňüni alyş çärelerinden öwrenen zatlarymyzy ünsden düşürmeli däldiris" – diýip, Global göreşiň dostlary gaznasynyň prezidenti Kris Kollins we Global saglyk geňeşi guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Elisha Dunn-Georgiou duýduryş berdiler.

Kollins we Dunn-Georgiou onlarça ýyl bäri pandemiýa garşy göreşen ABŞ-nyň Prezidentiniň AIDS-e garşy göreş boýunça gaýragoýulmasyz meýilnamasyny (PEPFAR) we Global gaznanyň tejribelerini nygtadylar. Şeýle hem, BMG-nyň Pandemiýa taýýarlygy boýunça geçirjek ýokary derejeli duşuşygynyň olaryň tejribelerine esaslanmak üçin mümkinçilikdigini bellediler.

Esasy alynmaly sapaklar:

Bar bolan infrastrukturany ulanmak: COVID-19 pandemiýasynyň iň möwç alýan wagtynda PEPFAR gözegçiligi maliýeleşdirdi we onuň hadysany anyklaýyş ulgamlary wirusy yzarlady, mutasiýalary ýüze çykardy, möhüm laboratoriýa we üpjünçilik zynjyrynyň zerurlyklaryny üpjün etdi.

Adam hukuklaryndaky päsgelçilikleri ýok etmegiň gurallaryny döretmek: Täze kesel ýüze çykanda, bize sosial goraglylyk we biomedikal gurallar gerek.

Ähli adamlara kömek elini uzatmak: Gurluşdaky deňsizlikler, biabraýçylyk we adam hukuklaryny hormatlamazlyk pandemiýanyň soňuna çykmagy has kynlaşdyrýar.

Çeşme

  • 230 gezek okalan