ŞÜBHESIZ ULY MESELE

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

subhesiz uly meseleDaniýada geçirilen uly barlag transgenderleriň arasynda janyňa kast etmek (suisid) barada iň ygtybarly maglumatlary berýär.

Ilatyň beýleki bölegi bilen deňeşdirilende, transgenderleriň arasynda:

↪ Suisid synanyşyklary 7,7 esse köp;

↪ Suisid ölümleriniň sany 3,5 esse kän;

↪ Suisidler beýleki ölümlerden ~2 esse artyk.

Kopengagendäki Statens serum institutyndan barlagyň awtordaşy Morten Frisch: "Bu şübhesiz uly mesele bolup, öwrenilmegi zerurdyr" – diýip belledi.

LGBTQ adamlaryň suisid töwekgelçiligini öwrenýän City University of New York-dan Ann Haasa görä, 40 ýylyň dowamynda ~7 million adamyň saglyk we hukuk ýazgylaryny gözden geçiren bu barlag LGBTQ adamlaryň arasynda suisid howpunyň çişirilýändigini öňe sürýän beýanlary ýalana çykarýar.

Daniýanyň bu barlagy şuňa meňzeş suisid derejeleriniň ABŞ-daky tendesiýalary hem şöhlelendirip biljekdigini görkezýär. ABŞ-da LGBTQ adamlaryň suisid töwekgelçiligi barada çäkli maglumatlaryň bolmagy "çaklamalary we jedelleri" möwjedýär.

Emma, ABŞ we beýleki ençeme ýurtlar zorluk zerarly ölýänleriň seksual orientasiýasyna ýa-da gender aýratynlyklaryny yzarlamaýarlar. Daniýa köpçülikleýin we ýokary gözegçilikli barlagy geçirmäge mümkinçilik berýän ähli raýatlaryň merkezleşdirilen maglumatlar bazasyny ýöredýär.

Kesgitsiz netije: Transgenderleriň arasynda suisid howpy ýokary bolsa-da, barlag gendere esaslanýan gormon terapiýasyna elýeterliligiň LGBTQ adamlaryň depressiýa we suisid pikirlerini azaldyp biljekdigini görkezýär.

  • 255 gezek okalan