BÜTINDÜNÝÄ ILAT GÜNI: AÝAL-GYZLARYŇ ISLEGLERI MÖHÜMDIR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

butindunya ilat guniDünýä ilatynyň 49.7%-ini düzýändigine garamazdan, demografik maslahatlaşmalarda aýal-gyzlara köplenç äsgermezlik edilýär we ilat syýasatlarynda olaryň hukuklary bozulýar. Netijede, dünýä ilatynyň ýarysyna mümkinçilik berilmeýär we çetleşdirilýär. Bu ählimiziň has abadan, asuda we durnukly gelejekde ýaşamagymyzyň öňüni alýan meseledir.

Bu meseläniň özeni – gender deňsizligi

Bu giň ýaýbaňlanan adalatsyzlyk aýal-gyzlary mekdepde okamakdan, işlemekden we ýolbaşçy bolmakdan saklaýar we olaryň hereket azatlygy, saglygy, jynsy we reproduktiw durmuşy barada karar bermek ukybyny çäklendirýär; şeýle hem, olaryň zorlugyň we zyýanly adatlaryň pidasy bolma ähtimallygyny we öňüni alyp bolýan ene ölümlerini ýokarlandyrýar. Netijede, dünýäde her iki minutda göwrelilik sebäpli bir aýal jan berýär. 68 ýurtdan ýygnalan maglumatlara görä, ýoldaşy bolan aýallaryň ~44%-i saglygy, jynsy gatnaşyk ýa-da göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri (kontraseptiwler) barada özbaşdak karar berip bilmeýärler. 2007-2022 ýyllaryň hasabyna görä, Türkmenistanda aýallaryň diňe 59%-i öz jynsy we reproduktiw saglyklary we reproduktiw hukuklary barada özleri karar berip bilýärler. Şeýle-de, ýurtda 15-49 ýaşly aýal-gyzlaryň diňe 36% kontraseptiw ulanýar.

UNFPA-nyň "2023-nji ýyl Dünýä ilatynyň ýagdaýy" atly hasabatyna görä, aýal-gyzlara öz durmuşlaryna we bedenlerine gözegçilik etmek hukugy berlende, olaryň özleri we maşgalalary bagtly ýaşaýarlar. Demografik üýtgeşmeleri we gelejekdäki kynçylyklary çözmäge gönükdirilen inklýuziw dünýäni döretmek gelejekde has oňyn netijeleri berer.

UNFPA aýal-gyzlary goldamak üçin öz maglumatlaryny, tejribelerini we hekaýalaryny paýlaşýar. Bütindünýä ilat güni bolsa planetamyzdaky 8 milliard adamyň arzuwlaryny amala aşyrmak üçin gender deňligini ösdürmegiň zerurdygyny nygtamaga mümkinçilik berýär.

Bu proses aýal-gyzlary we beýleki çetleşdirilen adamlary diňlemekden hem-de olara hukuklaryny durmuşa geçirmäge we möhüm kararlary bermäge mümkinçilik berýän kanunlary we syýasatlary kabul etmekden başlanýar.

Has adalatly, gowy we durnukly dünýä döretmek üçin gender deňligini öňe sürmelidiris. Aýal-gyzlaryň döredijiligi, ugurtapyjylygy, bilimi we güýji demografik we gelejegimize howp salýan beýleki kynçylyklary, şol sanda klimatyň üýtgemegi we konfliktleri çözmek üçin ähmiýetlidir. Aýallar dürli derejelerdäki ylalaşyklary pugtalandyrmakda we parahatçylygy döretmekde möhüm rol oýnaýarlar. Şeýle-de bolsa, diňe 6 ýurduň parlamentiniň 50%-ini ýa-da ondan köpüsini aýallar düzýär.

Gender esasly ykdysady päsgelçilikler, aýallaryň jynsy we reproduktiw saglygy we hukuklary bilen baglanyşykly meseleler, şol sanda, kontraseptiwlere elýetersizlik aýallaryň isleýän maşgalalaryny gurmagynyň öňüni alýar. Aýallaryň beden özbaşdaklygynyň bozulmasy global gelejegimize howp salýar. Hökümetler dünýä ilatynyň inklýuziw we çydamly bolmagy üçin aýallaryň we gyzlaryň hukuklaryny berkitmeli.

Şu gün gender deňligine maýa goýmak – umumy gelejegimize maýa goýumakdyr.

Çeşme

  • 245 gezek okalan