PANDEMIÝA TAÝÝARLYK HAKYKATDAN-DA JANLARY HALAS ETDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

pandemiya tayyarlyk2019-njy ýylda Global saglyk howpsuzlygy indeksiniň (GSHI) 195 ýurduň pandemiýa jogap beriş ukybyny bahalandyrmasy Covid ýüze çykandan soň ýaňsa alnypdy. Sebäbi, indeks pandemiýanyň öňüsyrasynda ABŞ-ny we Birleşen Patyşalygy epidemiýa garşy taýýarlyk boýunça sanawda ilkinji orunlarda goýupdy.

Emma, ýakynda BMJ Global Health žurnalynda çap edilen derňew işi ýurtlaryň arasynda 2 sany esasy tapawudy, ýagny ilatynyň ýaşyny we COVID-19 hadysalaryny we ölümlerini anyklamak ukybyny nazara alsaň, GSHI-de ilkinji orunlarda ýer alan ýurtlaryň pandemiýada ölümçilik derejesiniň pes bolandygyny anyklady.

Ylmy barlagçylar COVID-19 pandemiýasy döwründe dürli ýurtlaryň pandemiýadan nähili baş alyp çykandygyna we munuň GSHI-de ölçenilişi ýaly döwletleriň pandemiýa taýýarlyk potensialy bilen nähili baglanşyklydygyna düşünmäge synanyşdylar.

Pandemiýadan ozal şeýle hadysalaryň öňüni almak, anyklamak we olara jogap bermek üçin möhüm çärelere maýa goýan ýurtlar ilatynyň saglygyny goramakda umuman has gowy netijeleri görkezdiler.

Ýokary taýýarlygy bolan ýurtlar öz mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanan ýaly görünse-de, ABŞ bu babatda aýratyn tapawutlandy. Indeksde iň ýokary orunlary eýeländigine garamazdan, 62 ýurduň ölüm derejesi ABŞ bilen deňeşdirilende has pesdi. Bu bir ýurduň öz gurallaryny we resurslaryny ulanyşynyň ýurduň gazanjak üstünligine täsir edýändigini görkezýär.

Sitata: "… Indi pandemiýa taýýarlyk görmegiň uly ähmiýetli gymmaty we taýýarlyksyzlygyň ölümli netijeleri barada aýdyň subutnamalary görkezip bileris" – diýip, barlagyň awtordaşy Jaime Yassif belleýär.

  • 395 gezek okalan