INÇEKESEL DERMANY BASYM KÖPLERE ELÝETERLI BOLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

incekesel dermany elyeterli bolarJohnson & Johnson (J&J) kompaniýasy inçekeseli bejermekde ulanylýan dermanynyň nusgalaryny başga kompaniýalara öndürmäge rugsat berdi. Indi, jany halas ediji inçekesel bejergisi pes we orta girdejili ýurtlarda ýene müňlerçe adama elýeterli bolar.

Elýeterlilik üçin uzak garaşyldy: Bedaquiline gerdejigi 2012-nji ýylda tanyşdyryldy we tizara köp dermana çydamlylyk görkezýän inçekesel bejergisiniň möhüm dermanyna öwrüldi. Ýöne, derman gymmatlygy sebäpli ençeme ýurtlarda elýeterli däldi.

Adam hukuklaryny goraýyjy toparlar, esasanam STOP TB guramasy BMG bilen hyzmatdaşlykda ýyllardyr J&J-e dermanyň ygtyýarnamasyny bermegini soradylar.

Çetleşdirmeler dowam eder: J&J bilen Russiýanyň farmasewtik kompaniýasynyň arasyndaky şertnama sebäpli inçekeseliň has köp duş gelýän 17 ýurdy ylalaşykdan çetleşdiriler.

Has kän tagallalar zerur: Médecins Sans Frontières we AIDS Healthcare Foundation J&J-niň bu ädimini derman monopoliýasy meselesine "gysga möhletli çözgüt" diýip häsiýetlendirýär.

Dermana elýeterlilikde indiki kynçylyk: Afrikanyň, Aziýanyň we Günorta Amerikanyň alymlary waksina öndürmekde günbatara bolan garaşlylygy azaltmak boýunça mRNA waksina merkezini döretmek üçin BSGG bilen birleşdiler.

  • 281 gezek okalan