BSGG ÝAGLAR WE UGLEWODLAR BOÝUNÇA GOLLANMASYNY TÄZELEDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

bsgg yaglar we uglewodlar boyunca gollanmasyBSGG soňky ylmy subutnamalara esaslanyp, umumy ýagy, doýgun ýagy, trans ýagy we uglewodlary kabul etmek baradaky gollanmasyny täzeledi.

3 sany täzelenen görkezmä Ulular we çagalar üçin doýgun we trans ýag kislotany kabul etmegiň, Ulularda we çagalarda zyýanly semremegiň öňüni almak üçin umumy ýag sarp etmegiň we Ulular we çagalar üçin uglewod kabul etmegiň gollanmalary degişlidir. Gollanmalar agramyň zyýanly ýokarlanmagyny we ikinji derejeli süýji keseli, ýürek-damar keselleri we rak keseliniň käbir görnüşleri ýaly, iýmit bilen bagly ýokanç däl kesellere garşy göreşmek barada maslahatlary özünde jemleýär.

BSGG iýmit ýaglary baradaky gollanmasynda sagdyn bolmak üçin ýagyň mukdarynyň we hiliniň möhümdigini belleýär. BSGG ýaglaryň ulularyň umumy sarp edýän kaloriýasynyň 30%-i ýa-da ondanam az mukdaryny düzmelidigini gaýtadan tassyklaýar. 2 ýaşlylaryň we ondan ulularyň sarp edýän ýagy esasan doýgun däl ýaglar bolmaly. Doýgun ýag kislotalaryndan alynýan kaloriýanyň mukdary 10%-den, senagat we gäwüş gaýtarýan haýwan önümlerinden alynýan trans ýaglaryň kaloriýa mukdary 1%-den kän bolmaly däldir.

Iýmitdäki doýgun we trans ýag kislotalary ýarym doýgun ýag kislotalary, ösümliklerden alynýan doýgun däl ýag kislotalary ýa-da däneliler, gök önümler, miweler we kösükliler ýaly tebigy iýmit süýümini öz içine alýan iýmitlerdäki uglewodlar bilen çalşyrylyp bilner.

Doýgun ýag kislotalary ýagly etlerde, süýt önümlerinde, gaty ýaglarda, mesgede, eredilen ýaglarda, eredilen doňuz ýagynda, palma we kokos ýaglarynda bolýar. Trans ýag kislotalary bolsa demojakda bişirilen we gowrulan iýmitlerde, gaplanylan taýýar garbanalgalarda, sygyr ýa-da goýun ýaly gäwüş gaýtarýan haýwanlardan alynýan süýt önümlerinde bolýar.

Iýmite ýa içgilere goşulýan şekerleri çäklendirmek boýunça BSGG-nyň bar bolan gollanmasy bilen bilelikde, uglewodlary kabul etmek baradaky täze gollanmada uglewodlaryň hiliniň sagdyn bolmak üçin wajypdygy nygtalýar. BSGG iki ýaşlylar we ondan ulular üçin uglewodyň esasan dänelilerden, gök önümlerden, miwelerden we kösüklilerden kabul edilmelidigini belleýär. BSGG ululara günde azyndan 400 gram miwe we gök-önümleri hem-de 25 gram tebigy iýmit süýümini iýmegi maslahat berýär. Miweleriň we gök-önümleriň ýaş boýunça maslahat berilýän mukdary:

↪ 2-5 ýaşlylar günde azyndan 250 gr;

↪ 6-9 ýaşyndakylar günde azyndan 350 gr;

↪ 10 we ondan uly ýaşlylar günde azyndan 400 gr.

Tebigy iýmit süýüminiň maslahat berilýän mukdary:

↪ 2-5 ýaşdakylar günde azyndan 15 gr;

↪ 6-9 ýaşlylar günde azyndan 21 gr;

↪ 10 ýaş we ondan ulular günde azyndan 25 gr.

Bu täze görkezmeler BSGG-nyň iýmite goşulýan şekeriň mukdary, şeker däl süýjedijiler we natriý baradaky bar bolan gollanmalary, şeýle hem ýarym doýgun ýag kislotalary we duzuň ýerine ulanylýan az natriýli önümler baradaky ýakynda çap ediljek gollanmalar bilen bilelikde sagdyn iýmitlenmegiň esasyny düzýär.

  • 254 gezek okalan