SOSIAL MEDIÝANYŇ SAGLYGA ZYÝANYNY NÄDIP AZALTMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

sosial mediyanyn saglyga zyyanyEsasan hem, COVID-19 pandemiýasy döwründe dezinformasiýanyň köpelendigine garamazdan, sosial mediýa dünýädäki millionlarça adama wirus barada öwrenmekde möhüm çeşme bolup hyzmat etdi. Birnäçe gözleglere görä, sosial mediýany yzygiderli ulanýanlar wirus barada has köp bilýärler we saglyk gollanmalaryna eýerýärler.

Sosial mediýanyň ilat saglygyndaky goşa roly

Duke uniwersitetiniň talyby Zain Jafaryň 7 ýurtdan saglyk ekspertleri bilen geçiren barlag işi jemgyýetçilik saglyk kampaniýalarynda sosial mediýany ulanmagyň ýetirip biljek zyýanlaryny we peýdalaryny görkezýär. Barlagyň awtorlary sosial mediýa bilen bagly ýaramaz täsirlerden gaça durup bolýandygyna, ýöne muňa ulanyjylaryň we platforma kompaniýalarynyň hereketleriniň täsir edýändigini aýdýarlar.

Misinformasiýa garşy göreş: Sosial mediýa kompaniýalarynyň we hökümetiň roly

Zain Jafar sosial mediýa kompaniýalarynyň tassyklanmadyk maglumatlaryň ýaýramagynyň öňüni almak üçin 2020-nji ýylda Facebook-yň edişi ýaly, ýaramaz kontentleri awtomatik usulda aýyrýan gurallary ulanyp biljekdigini nygtaýar. Ýalňyş postlary bellik etmek we adamlara misinformasiýany saýgarmagy öwretmek ýaly, täsirli amallar nädogry saglyk maglumatlaryna garşy göreşmekde ýardam edip biler. Ýöne, platformalar täjirçilik ýitgileri zerarly bu çäreleri amala aşyrmak islemeýärler.

Käbir ýurtlarda görşümiz ýaly, hökümetiň gözegçiliginiň ähmiýeti örän möhümdir. Meselem: Sosial mediýa kompaniýalaryny bikanun kontentlere gözegçilik etmäge borçlandyrýan Ýewropa Bileleşiginiň Sanly hyzmatlar kanuny has aç-açanlyga we jogapkärçilige eltip biler.

Ulanyjylary bilimlendirmegiň we köpmilletli çemeleşmeleriň zerurlygy

Barlag ulanyjylara sosial mediýa aşa köp bil baglamagyň howplary barada öwretmegiň zerurdygyny belleýär. Şeýle hem, öňdebaryjy sosial mediýa kompaniýalarynyň giň gerimini göz öňünde tutup, sosial mediýany kadalaşdyrmakda köpmilletli çemeleşmeleri ornaşdyrmaga çagyrýar.

Sosial mediýanyň global elýeterliligi

Bu barlag sosial mediýanyň giň gerim alýandygyny görkezip, Facebook ulanyjylary köp bolan 10 ýurduň 9-synyň Global günorta ýurtlarynda ýerleşýändigini belleýär. Bu hakykat platformalary kadalaşdyrmak we dolandyrmak üçin global çemeleşmeleriň zerurlygyny öňe sürýär.

Çeşme

  • 261 gezek okalan