NÄME ÜÇIN KÄBIR ADAMA COVID ÝOKUŞDY, EMMA SIMPTOMLARY ÝÜZE ÇYKMADY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (2 Ses)

covid simptomlary yuze cykmadyCOVID ýokuşsa-da keselden ejir çekmedik birini tanaýaňmy? Ýa-da ýoldaşy erbet syrkawlasa-da, özüne wirusyň ýokuşman geçendigini aýdýan adamlar bardyr.

Alymlaryň çaklamalaryna görä, COVID ýokuşan adamlaryň 20% -den gowragynda hiç hili simptom ýüze çykmandyr we olaryň käbiri wirusyň ýokuşandygyndan hem habarsyz galypdyrlar. Täze barlaga görä, olaryň wirus bilen syrkawlamazlygynyň sebäbi genetika bolmagy mümkin.

Käbir adamlaryň immunitet ulgamynda HLA-B atly gen görnüşi bolup, bu gen wirusyň täsirlerinden goraýar. Täze barlag HLA-B görnüşli geni bolanlaryň bu geni bolmadyk adamlara garanyňda 2-8,5 esse wirusy simptomsyz geçirme ähtimallygynyň ýokarydygyny ýüze çykardy.

Bu gorag prosesi nähili?

Barlag HLA-B * 15:01 geni bolan adamlar adaty sowuklama wiruslaryna sezewar bolandan soň, COVID-den goraglylygynyň ýokarlanýandygyny görkezýär. Bu garşylykly täsir görkeziji immunitet diýilýän prosesiň netijesidir.

Ençeme waksina, şol sanda COVID waksinasy hem şuňa meňzeş şekilde işleýär. Immun ulgamyna wirusyň bir bölegini görkezseňiz, ony immun ulgamy gelejekdäki ýokançlyklarda wiruslary tanaýan we immun jogabyny berýän "T öýjükleriň ýadyny" döretmek üçin nusga hökmünde ulanýar.

Sitata: "Bu dermanlary we waksinalary nädip ýasamalydygy barada täze açyşlara getirip biler diýip pikir edýärin. Bu hakykatdanam ajaýyp" – diýip, Scripps Research Institutynyň lukman-alymy Dr. Erik Topol belleýär.

Çeşme

  • 250 gezek okalan