TÄZE AIW GOLLANMASY BEDENDÄKI WIRUSY AZALTMAGA GÖNÜKDIRILDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

taze aiw gollanmasyAntiretrowirus (ART) terapiýasy AIW-e garşy göreş usulyny üýtgetdi. Ýakynda, Halkara AIDS jemgyýetiniň AIW ylmy boýunça konferensiýasynda BSGG bedende wirusyň mukdaryny azaltmaga gönükdirilen täze gollanmany çykardy.

Gollanma täze ulgamlaýyn syna esaslanyp, eger AIW keselliler wirusyň mukdaryny juda pes derejede saklasalar, AIW-iň jynsy gatnaşyk arkaly ýokuşma howpunyň tas ýok bolýandygyny görkezýär.

Mundan başga-da, BSGG-a görä, AIW üçin öz-özüňi barlamagy artdyrmak bejerginiň alnyşyny ýokarlandyrmak we keseliň ýokuşmasyny azaltmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolar.

Beýleki barlag habarlary:

Çaga dogulmazyndan ozal täsirli bejergi: Ýatgydaky AIW keselli 5 sany çaga berlen ART bejergisi wirusy ýüze çykaryp bolmajak derejede az derejä düşürdi.

Ýüregi goramak: AIW kesellilerde ýürek keseliniň döreme ähtimallygy iki esse ýokary bolsa-da, täze barlagda statiniň bir görnüşi bolan pitavastatin dermanyny kabul edenlerde ýürek keselleriniň döremek ähtimallygynyň 35% pesdigini anyklandy.

Awstraliýanyň üstünligini nusga edinmek: Konferensiýada liderler Awstraliýanyň AIW-iň ýaýramagyny azaltmak boýunça ägirt uly öňegidişligini we onuň AIW ýokuşmasynyň soňuna çykan ilkinji ýurt bolmak maksadyna ýakynlaşandygyny tarypladylar.

  • 247 gezek okalan