ESASY DERMANLARYŇ TÄZE SANAWY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

esasy dermanlaryn taze sanawy26-njy iýulda BSGG ýaýraň sklerozy, ragy, ýokanç keselleri we ýürek-damar kesellerini bejermek üçin möhüm dermanlary öz içine alýan Esasy dermanlaryň (EDS) we Çagalar üçin esasy dermanlaryň (EDSç) model sanawynyň täze neşirini çap etdi. Täzelenen sanaw kliniki taýdan peýdalary subut edilen innowasion dermanlara elýeterliligi ýeňilleşdirmek üçin taýýarlanyldy.

2023-nji ýyldaky täzelenen sanaw üçin BSGG-nyň Esasy dermanlary saýlamak we ulanmak boýunça bilermenler komiteti ýüzden gowrak dermany we formulirlemeleri öz içine alýan 85 teklibi gözden geçirdi. Täze üýtgeşmä görä, EDS we EDSç boýunça dermanlaryň umumy sany degişlilikde 502 we 361 boldy.

Ýaýran skleroz üçin dermanlar

Ýaýran skleroz hroniki, nerw ulgamyny gowşadýan kesel bolup, dünýäde ~2.8 million adama täsir edýär. Häzire çenli, onuň bejergisi üçin hiç bir derman EDS-e goşulmandy. 2023-nji ýylda, EDS-e ýaýran sklerozyň döremegini gijikdirip ýa-da haýalladyp biljek 3 derman: cladribine, glatiramer acetate we rituximab goşuldy.

Ýürek-damar dermanlary

Ýürek we gan aýlanyş damarlarynyň keselleriniň öňüni almak üçin, esasanam asetilsalisil turşusyny (aspirin) öz içine alýan ýa-da almaýan birnäçe gan basyşy peseldýän, holesterini azaldýan dermanlaryň kesgitlenen dozadaky utgaşmasy ilkinji gezek EDS-e goşuldy.

Ýokanç keseller üçin dermanlar

Ýokanç keselleri bejermek üçin sanawa goşulan täze dermanlar:

Ceftolozane + Tazobactam. Bu dermalar ençeme dermanlara çydamly bakteriýalara garşy täsirli "ätiýaçlyk" antibiotigidir. Şol sanda, karbapenema çydamly Pseudomonas aeruginosa bakteriýalary sebäpli döreýän, bejermesi kyn bolan ýokançlyklar üçin täsirli;

Pretomanid. Köp dermanlara çydamlylyk görkezýän ýa-da rifampicin-e çydamlylyk görkezýän inçekeseli bejermek üçin derman;

Ravidasvir. Ulularda hroniki gepatit C wirusyny bejermek üçin (sofosbuvir bilen bilelikde ulanmak üçin) derman;

↪ Ebola wirusy üçin monoklonal antibedenler.

Rak dermanlary

Sanawa 2 sany täze rak bejergisi goşuldy: Kapoşiniň sarkomasyny bejermek üçin pegylated liposomal doxorubicin hem-de ak gan öýjükleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak we käbir rak keselleriniň bejergileriniň süňk ýiligine zäherli täsirini azaltmak üçin pegfilgrastim. Täze sanawa çagalarda ýüze çykýan rak keselleriň üstüne ýene birnäçe rak keseli (anaplastik uly öýjükli limfomasy, lanfergan öýjükleriniň gistiositozy, Berkittyň limfomasy) goşuldy. Emma, çagalaryň rak keselini bejerýän derman sanawy öňküligine saklandy.

Beýleki täzelenmeler

Süýji keseli – EDS-de we EDSç-de adam insulininiň häzirki sanawyna ampulalara we şprislere seredeniňde ulanmagyň aňsatlygy, dozanyň takyklygy we berjaý etmegiň has ýeňilligi sebäpli kartrijler we öňünden doldurylan şpris-ruçkalar goşuldy.

Akyl saglygy meseleleri – alkogol içgilerini sarp etmegiň bozulmalaryny bejermek üçin iki sany täze derman: acamprosate and naltrexone goşuldy.

Çagalar üçin esasy dermanlar – 70-den gowrak dermanlaryň formulirlemelerine üýtgeşmeler girizildi. 5 ýaşa çenli çagalarda we bäbeklerde ýiti iýmit ýetmezçiligini bejermek üçin terapewtik taýýar iýmit önümleri EDSç sanawyna goşuldy.

Ulanylmagy maslahat berilmeýän bejergiler – Jemi 32 sany bejergi serişdeleri maslahat berilmeýär: Semizlikde horlanmak üçin glýukagon ýaly peptid-1 reseptor serişdeleri, oňurga myşsalarynyň atrofiýasyny bejermek üçin risdiplam, Alsgeýmer keseli sebäpli demensiýany bejermek üçin donepezil, limfoma üçin CAR-T öýjük terapiýa we rak keseliniň agyrylary üçin tiz täsirlilik görkeziji diliň aşagyna goýulýan fentanil (oral transmucosal fentanyl).

  • 265 gezek okalan