GYRGYZ DILINDE AUTIZM BARADA ILKINJI KITAPLAR NEŞIR EDILDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gyrgyz dilinde autizm barada ilkinji kitapZeýnep Ibrahim kyzy gyrgyz we iňlis dillerinde çykan "Өзгөчө бөбөгүм" (Aýratynlykly oglan jigim) çagalar kitabynyň awtory we autizmli Urmat atly oglanjygyň uýasydyr. Urmatyň ejesi Baktygul Çynybaýewa bolsa, žurnalist, ýazyjy we ululara niýetlenen "Аутизм менен жашоо" (Autizm bilen ýaşamak) atly kitabyň awtory.

"Өзгөчө бөбөгүм" we "Аутизм менен жашоо" kitaplary Gyrgyzystanyň taryhynda autizm barada gyrgyz dilindäki ilkinji kitaplardyr. "Gyrgyzystanda autizm we aýratynlykly çagalaryň terbiýesi baradaky ähli edebiýatlar diňe rus dilinde neşir edilýär. Hatda, ýöriteleşdirilen mekdepler we merkezler diňe rus dilinde okadýarlar. Gyrgyz dilinde [gürleýän] hünärmen ýok" – diýip, Urmatyň kakasy aýdýar.

Zeýnep Ibrahim kyzy kitaby Gyrgyzystanyň çagalary üçin inklýuziwligi has-da ösdürmek maksady bilen ýazandygyny belleýär.

Milli statistika komitetiniň habaryna görä, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli Gyrgyzystanda 34,000-den gowrak maýyp çaga hasaba alyndy. Häzirki wagtda, Gyrgyzystanda 14 sany ýöriteleşdirilen mekdebe çenli okadýan merkezler we 18 sany ýöriteleşdirilen umumy bilim edaralary bar. Şeýle-de bolsa, Human Rights Watch guramasyna görä, bu edaralarda maýyp çagalar diskriminasiýa we süteme sezewar bolup, olar bilen işlemek üçin hünärmenler ýetmezçilik edýär. Ene-atalaryň köpüsi bilim edaralarynyň maýyp çagalary kabul etmek islemeýändigi zerarly çagasyny çagalar bagyna we mekdebe ýazdyrmakda kynçylyk çekýärler.

Ýurduň häkimiýetinden bu päsgelçilikleri aýyrmagy we ähli çagalar üçin deň bilim mümkinçiliklerini üpjün etmek soralýar.

Çeşme

  • 288 gezek okalan