DOGRUMDAN SOŇKY DEPRESSİÝA ÜÇİN TÄZE BEJERGİ - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

DOGRUMDAN SOŇKY DEPRESSİÝA ÜÇİN TÄZE BEJERGİ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dogrumdan sonky depressiyaAwgustyň başynda ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri administrasiýasy dogrumdan soňky depressiýany (DSD) bejermek üçin ilkinji gerdejigi tassyklady. DSD giň ýaýbaňlanan, emma ýeterlik bejerilmeýän ýagdaýdyr.

Zurzuvae markasynyň "zuranolone" atly dermany göwrelilik bilen bagly agyr depressiýany başdan geçirýänler üçin niýetlenip, 3 günde simptomlary ýeňilleşdirip bilýär. Ozal dermanyň diňe wena damarynyň içine goýberilýän ergin görnüşi elýeterlidi.

North Carolina uniwersitetiniň Aýallaryň ruh bozulmalary merkeziniň direktory Samantha Meltzer-Brody: "Dermanlaryň elýeterliligi we tiz kabul edilmegi ene-atalar bilen çagalaryň arasyndaky ysnyşmanyň ilkinji günlerinde örän möhüm. Dogrumdan soňky döwür ejiz döwürdir" – diýip belleýär.

Ýeterlik bejergi almazlyk:

Ýedi aýaldan biri dogrumdan soň depressiýany başdan geçirýär, ýöne olaryň diňe ýarysy bejergi alýar.

Dermanyň işleýşi we täsirliligi:

↪ 14 günläp günde bir gezek kabul edilýän bu derman dogrumdan soň çalt azalýan progesteron gormonynyň işine meňzeş hereket edýär;

↪ 45 gün dowam eden täze barlag gündelik zuranolone kabul eden DSD-ly 196 aýalyň 57%-iniň 2 hepdeden soň simptomlarynyň ep-esli gowulanandygyny ýüze çykardy.

  • 283 gezek okalan