COVID-19-YŇ EG.5 ŞTAMY PEÝDA BOLDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 eg 5COVID-19-yň EG.5 ştamy (başgaça Eris diýlip atlandyrylýar) beýleki ştamlardan üstün çykyp, ABŞ-da we Birleşen Patyşalykda (BP) agdyklyk edýän ştama öwrüldi. Häzirki wagtda, bu ştam ABŞ-daky ähli hadysalaryň 17.3%-ini we BP-daky hadysalaryň 14.6%-ini düzýär. Emma, Keselleriň öňüni alyş merkeziniň (CDC) görkezijileriniň doly däldigini Marketwatch gullugy belleýär. EG.5 ştamynyň haýbatly lakamy "Eris" grekleriň jenjel hudaýynyň ady bolmagyna garamazdan, alymlar munuň beýleki ştamlardan howply däldigini we waksinalaryň oňa garşy täsirlidigini aýdýarlar.

Esasy faktlar:

Omikronyň görnüşi: EG.5 omikronyň görnüşi ýa-da Hindistanyň Jemgyýetçilik saglyk gaznasyndan K. Srinath Reddiniň aýdyşy ýaly "bir filmdäki birnäçe Barbiniň biri";

Mekir: Täze ştam antibedenlerden gaçmagy başarýar. Beýleki ştamlara seredeniňde, bu ştam "birneme sypyp we bäsdeşip bilýär" – diýip, wirusolog belleýär;

Bedendäki täsiri: EG.5 ştamynyň täsirleri beýleki omikron görnüşlerine meňzeýär, ýagny asgyrmak, gury üsgülewük, sowuklama, demgysma, ýadawlyk, beden agyrylary we ys alşyň ýitmegi ýaly alamatlary

BP-da täze ştamyň ýüze çykmagy COVID hadysalarynyň we keselhana ýerleşmeleriň sanynyň köpelmegi bilen baglanyşdyrylýar.

Ýöne, alymlar hadysalaryň ýokarlanmasynyň EG.5 ştamy sebäpli däl-de, kem-kemden peselýän immunitetiň netijesi bolup, umumy hadysalaryň sanynyň azdygyny aýdýarlar.

  • 326 gezek okalan