ABORT DERMANY MIFEPRISTON: ENÇE ÝURTDA TASSYKLANAN, HOWPSUZ WE TÄSIRLI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

mifepriston dermany2022-nji ýylyň ahyrynda ABŞ-da aborta garşy toparlar ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri agentliginiň (FDA) mifepriston dermanyny tassyklamagyna garşy esassyz kazyýet işini açdylar. Mifepriston irki göwreliligi togtatmak üçin giňden ulanylýan iki dermanyň biridir. Aborta garşy toparlar dermanlar barada ýalňyş beýanlary ýaýratmaga synanyşdylar, emma olar alymlar we lukmançylyk edaralary tarapyndan ret edildi.

100-e golaý ýurtda tassyklandy we giňden ulanylýar

Mifepriston iki tapgyrly medikamentoz abortda ulanylyp, ençeme barlaglar arkaly howpsuzlygy we täsirliligi subut edildi. Mifepriston göwreliligiň dowam etmegi üçin zerur bolan progesteron gormonyny petikleýär. Ikinji derman misoprostol bolsa, ýatgy burgularyna sebäp bolup, göwreliligiň düşmegine eltýär. 2023-nji ýylyň maýyna çenli 96 ýurt dermanlaryň ulanylmagyny tassyklady.

Göwreliligiň 10-njy hepdesinden soň ulanylmagy

FDA mifepristonyň göwreliligiň diňe 10-njy hepdesine çenli ulanylmagyny tassyklasa-da, beýleki ýurtlar dermany göwreliligiň 10-njy hepdesinden soňra-da ulanmaga rugsat berýärler. 2017-nji ýylda Şwesiýada göwreliligiň 9-12 hepdesi aralygynda geçirilen abortlaryň 78%-i, Norwegiýadaky abortlaryň 68%-i, Angliýadaky we Uelsdäki abortlaryň 29%-i medikamentoz aborty arkaly geçirildi.

BSGG olary esasy dermanlar hasaplaýar

BSGG mifepriston we misoprostol dermanlarynyň howply abortlary azaldýanlygyny kabul edýär. Çünki, bu dermanlar göwreli aýallaryň ýerlikli ideg alyp bilmedik ýagdaýynda göwreliligi howpsuz togtatmak üçin ulanylyp bilner. Howply aborta BSGG-nyň maslahat bermeýän howply abort usuly ýa-da zerur hünär derejesi bolmadyk adamlaryň abort etmegi mysal bolup biler. Mifepriston we misoprostol dünýäde ene ölümçiliginiň esasy sebäbini azaldyp, aýallaryň saglygyny goraýar.

BSGG dünýädäki saglyk ulgamlary üçin wajyp hasaplanýan dermanlary öz içine alýan esasy dermanlaryň model sanawyny ýöredýär. BSGG 2005-nji ýyldan bäri mifepristony we misoprostoly bu sanawa goşdy. Bu ýurtlaryň öz möhüm dermanlarynyň sanawyny döretmegi üçin gollanmadyr. 2019-njy ýylda BSGG mifepreston we misoprostol dermanlarynyň statusyny ýokarlandyryp, olary saglygy goraýyş ulgamynyň esasy dermanlarynyň "özeni" kategoriýasyna goşdy. Kategoriýa saglyk ulgamlarynda hemişe elýeterli bolmasy zerur bolan "ileri tutulýan ýagdaýlar üçin iň täsirli, howpsuz we tygşytly dermanlary" öz içine alýar.

Çeşme

  • 298 gezek okalan