TÜRKMENİSTANDA TRANSPLANTASİÝA DEGIŞLI BOLAN BEDEN AGZALARY TASSYKLANYLDY - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

TÜRKMENİSTANDA TRANSPLANTASİÝA DEGIŞLI BOLAN BEDEN AGZALARY TASSYKLANYLDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

tkm transplantasiyaTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi transplantasiýa degişli bolan adamyň beden agzalarynyň we dokumalarynyň sanawyny tassyklady. Resminamanyň teksti Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hukuk namalary portalynda çap edildi.

Sanaw "Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalaryny transplantasiýasy hakynda" Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda tassyklandy. Oňa 14 sany transplantasiýa görnüşi degişli:

1. Böwrek;

2. Bagyr we onuň bölekleri;

3. Ýürek;

4. Ýürek-öýkeniň toplumy;

5. Kelle çanagynyň süňkleri;

6. Aşgazanasty mäziň özi ýa-da bedeniň beýleki agzalarynyň toplumy bilen;

7. Süňküň bölekleriniň kortikal gaty bilen;

8. Kelle beýniniň gaty gabygy;

9. Amniotiki perdesi;

10. Hrýaşly manyz;

11. Içegäniň bölekleri;

12. Ham (deri);

13. Göz bäbenegi (gözüň buýnuzly perdesi, sklerasy, nemli bardasy);

14. Traheýa.

Ýokarda agzalan kanuna laýyklykda, Türkmenistanda diri ýa-da ölen donordan transplantasiýasy diňe bejerginiň beýleki usullary resipiýentiň ömrüni halas etmese ýa-da saglygyny dikeltmese amala aşyrylyp bilner.

Eger döwlet saglygy goraýyş edarasynyň lukmançylyk hünärmenleriniň konsiliumy (lukmanlardan düzülen toparyň maslahaty) donoryň saglygyna zyýan ýetmez diýen netijä gelse, diri donor öz beden agzalaryny we dokumalaryny meýletin bagyşlap biler.

Çeşme

  • 337 gezek okalan