TÜRKMENISTANDA COVID-19-A JOGAP ÜÇIN TÄZE DERMANLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 taze dermanlarBirleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistan Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän "Türkmenistanda COVID-19-a garşy jogap" taslamasynyň çäginde derman serişdeleriniň täze tapgyryny üpjün etdi:

 

↪ 72,000 çüýşe Amoksisilin + Klawulan turşulygy 1000 mg/200 mg; 

↪ 3,000 Albumin 50 ml;

↪ Umumy, biohimiki we immunoferment gan barlagy, gan toparyny anyklamak üçin, barlaghana boýaglary şeýle hem barlaghana seljerijileriniň işini düzetmek üçin kliniki barlaghana reagentleri.

Dermanlar we reagentler toplumynyň umumy bahasy 658,270 ABŞ dollaryna barabar bolup, Ministrlik tarapyndan Türkmenistanyň paýtagtynyň we welaýatlaryň saglygy goraýyş edaralaryna we saglygy goraýyş edaralarynyň kliniki barlaghanalaryna paýlanar.

Çeşme

  • 333 gezek okalan