ÖZBEGİSTAN: AÝALLARYŇ WE ERKEKLERİŇ DEŇ HUKUKLYLYGYNA TARAP ÝENE BIR ÄDIM - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

ÖZBEGİSTAN: AÝALLARYŇ WE ERKEKLERİŇ DEŇ HUKUKLYLYGYNA TARAP ÝENE BIR ÄDIM

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

uzb den hukuklylykÖzbegistanyň parlamenti erkekleriň we aýallaryň deň hukuklydygyny aç-açan inkär etmegiň administratiw jogapkärçilige çekiljekdigini kesgitleýän kanunyň taslamasyny tassyklady.

Şeýle hem, taslamada iki ýa-da birnäçe aýal bilen ýaşaşmagy öňe sürýän propagandalara jeza bermek göz öňünde tutulýar. Raýatlaryň milleti, jynsy, etniki gelip çykyşy ýa-da dini degişliligi esasynda artykmaçlygy ýa-da pesligi baradaky propagandalar indi administratiw hukuk bozulmasy hasaplanar.

Mundan başga-da, eger nika kanunda bellenilen tertipde hasaba alynmazdan ozal, dini nika gyýlan bolsa jogapkärçilige çekilmek howpy abanýar.

Kanunyň taslamasy köpçülik ýerlerinde ýüzi örtýän eşikleriň geýilmegini gadagan etmegi hem teklip edýär. Häkimiýetleriň pikiriçe, bu jemgyýetçilik tertibini saklamak üçin görülýän çäreleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerurdyr. Kadadan çykmalaryna lukmançylyk görkezmeleri, zähmet we resmi borçlar bilen baglanyşykly ýagdaýlar degişli bolup biler.

Resminama Senatyň garamagyna berildi. Kanun ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan tassyklanmaly.

Çeşme

  • 222 gezek okalan