POLİOMİÝELITI ÝOK ETMEK MAKSADYNA ÝETİLMEDİ - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

POLİOMİÝELITI ÝOK ETMEK MAKSADYNA ÝETİLMEDİ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

poliomiyelit yok etmek maksadyna yetilmedi2023-nji ýyl poliomiýelit keseliniň soňuna çykylan ýyl bolmalydy. Ýöne, poliomiýeliti ýok etmek başlangyjynyň Garaşsyz syn geňeşiniň täze hasabatyna görä, muny gazanmak bu ýyl başartmaz.

Keseliň soňuna çykmak üçin täze senäni bellemäge şertler henizem gowşak.

Maksada ýakyn, ýöne ýeterlik ýakynlaşmadyk: Şu ýyl Owganystanda we Pakistanda bary-ýogy 7 sany ýabany poliomiýelit hadysasy hasaba alyndy. Geçen aý BSGG iki ýurduň hem endemik wirusyň ýokuşmagyny aradan aýyrmaga has ýakynlandygyny habar beripdi.

Emma, kesel ýaýramagyny dowam edýär we dartgynly syýasy ýagdaýlar waksina tagallalaryna howp abandyryp biler.

Waksinadan döreýän wiruslara garşy gowşaklyk: Hasabat waksinadan emele gelýän poliomiýelitiň öňüni almakda "öňdengörüjiligiň" ýoklugyny tankyt edýär. Waksinadan döreýän wirus hapa suwlar we arassaçylygyň ýaramaz şertlerinde oral waksinanyň dökülmeginden ýüze çykýar. Häzirki wagtda, ýabany poliomiýelitden däl-de, waksinadan gelip çykan poliomiýelit sebäpli 50-den gowrak çaga ysmaz boldy.

Keseliň şeýle ýaýraýşy Nigeriýa ýaly ýurtlar üçin "betbagtçylykly" netijelere getirip biler. Çünki, ýurt wirusyň 3 ştamyna garşy däl-de, diňe 1 ştamyna garşy waksina berýär.

Sitata: "Her bir polio hadysasy şowsuzlykdyr" – diýip Geňeş belleýär.

  • 206 gezek okalan