HİNDİSTAN DERMAN ÖNDÜRİJİLERE ÇIG MAL ÜPJÜN EDÝÄNLERE ÝYLLYK AUDIT GİRİZER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

hindistan yyllyk auditHindistanda derman öndürijiler özleriniň çig mal üpjün edijilerini ýylda azyndan bir gezek audit (resmi derňew) etmeli bolarlar. Bu düzgün Hindistanda öndürilen üsgülewük siroplary dünýäde 141 çaganyň ölümine sebäp bolanyndan soň has berkedildi. Täze düzgün iýunda ornaşdyrylan eksport edilýän üsgülewük siroplary üçin goşmaça barlag düzgünleri bilen birlikde, Hindistanyň alyjylary öz derman senagatynyň howpsuzlygyna ynandyrmak isleýändigini görkezýär. Ýurt dünýäniň iň uly derman öndürijileriniň biri bolup, derman serişdelerinden $42 milliard girdeji gazanýar.

BSGG we beýleki saglygy goraýyş guramalary Hindistanda öndürilen zaýalanan üsgülewük sirobyny Gambiýada 70, Özbegistanda 65 we Kamerunda azyndan 6 çaganyň ölümi bilen baglanyşdyrdylar.

Derman öndürijiler çig mal we gaplaýyş serişdelerini üpjün edijilerini ýylda azyndan bir gezek audit etmeli bolarlar. Häzirki wagtda, şeýle auditler dermanyň yzyna gaýtarylmagy ýaly wakalardan soň ýygy-ýygydan geçirilýär.

BSGG 2019-njy ýylyň ahyrynda Hindistanda 12 çaganyň zaýalanan üsgülewük sirobyny içeninden soň ölmegi bilen hindi dermanlaryndan zäherlenme tolkunynyň başlanan bolmagynyň mümkindigini aýdýar.

Hadysalaryň ählisinde siroplaryň düzüminde ýokary derejede zäherli dietilen glikolynyň we/ýa-da şoňa meňzeş himiki etilen glikolynyň bardygy anyklandy.

Çeşme

  • 228 gezek okalan