TÄZE BARLAG: UZAK DOWAM EDÝÄN COVID-I GAN BARLAGY BILEN ANYKLAMAK MÜMKIN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

covid gan barlagyPandemiýanyň başlanyna 3 ýyldan gowrak wagt geçenden soň, millionlarça adamyň hakykatdanam uzak dowam edýän Covid-den ejir çekýändigine ahyry ylmy subutnamalar bar.

Alymlar uzak dowam edýän Covid-li adamlaryň ganyndaky aýdyň tapawutlary ýüze çykardylar. Bu keseli anyklamak üçin testleri işläp düzmekde ilkinji ädimdir.

25-nji sentýabrda Nature žurnalynda çap edilen barlag dünýädäki lukmanlary biynjalyk eden we millionlarça adamy dowamly ýiti ýadawlyk, ýat bilen bagly meseleler we beýleki simptomlar bilen bimaza eden bu kesele nämäniň sebäp bolýandygy barada yşaratlar berýär.

Barlag 268 adamyň gan analizini deňeşdirdi. Gan analiziniň käbirinde Covid bardy, ýöne doly gutulandy, käbirine hiç haçan wirus ýokuşmandyr we galan analizlerde bolsa Covid ýokuşandan azyndan 4 aý soň uzak dowam edýän Covid alamatlary dowam edýär eken. Barlagyň netijeleriniň iň şowly tarapy – uzak dowam edýän Covid pasiýentlerinde kortizol gormonynyň derejesiniň ep-esli pesdigini ýüze çykardy.

Kortizol gormonynyň esasy funksiýasy adamy hüşgär we oýa duýdurmakdyr. Awtorlaryň aýtmagyna görä, pes kortizol derejesi uzak dowam edýän Covid-li adamlaryň köpüsiniň ýadawlygynyň sebäbini düşündirýär.

Şeýle-de bolsa, lukmanlar keseli bejermek üçin diňe pasiýentiň kortizol derejesini ýokarlandyrmagy maslahat bermeýärler.

Derňewçiler uzak dowam edýän Covid-iň bedeniň öz-özüne hüjüm edýän autoimmun bozulmasynyň netijesidigi barada hiç hili subutnama tapmadylar.

"Muny has köp barlaglar arkaly öwrenmeli bolar. Ýöne, iň bolmanda bu bir şowlulyk. Çünki, häzirki wagtda uzak dowam edýän Covid-i anyklamak üçin gan barlagymyz ýa-da lukmanlara keseliň näme üçin ýüze çykýandygyna düşünmek üçin guralymyz ýok" – diýip, Northwestern Medicine Comprehensive Covid-19 merkeziniň egindeş direktory Dr. Mark Sala nygtaýar.

Çeşme

  • 243 gezek okalan