KÖP OTURMAK DEMENSIÝA HOWPUNY ARTDYRÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

kop oturmak we demensiyaJAMA Network lukmançylyk žurnalynda çap edilen täze barlag uzak wagtlap işde we öýde oturýan adamlarda az oturýanlara garanyňda demensiýa keseliniň döreme howpunyň has ýokarydygyny ýüze çykardy.

Barlaga 60 we ondan uly ýaşly 49,841 erkek we aýal gatnaşdy. Alymlar adamyň hereketini syzyp bilýän emeli akyl algoritmlerini ulanyp, günüň her minudynda gatnaşyjylaryň hereket edişini ýa-da hereketsizligini (oturyşyny, ýatyşyny emma uklaýşyny däl) kesgitlediler. Uzak wagtlap oturmagyň täsirleri juda ýaramaz bolup biler. Hatda, yzygiderli maşk edýänlere hem günüň aglaba bölegini oturup geçirseler uly howp abanýar.

Juda uzak wagtlap oturmagyň zyýany

Öňki barlaglar günüň dowamynda iş ýerinde, uzak aralyga gatnamak üçin ulaglarda we öýde telewizoryň we kompýuterleriň öňünde köp oturýan adamlaryň ýygy-ýygydan hereket edýän adamlar bilen deňeşdireniňde ýürek keselleriň, semizligiň, süýji we beýleki keselleriň döreme we ir ölme ähtimallygynyň has ýokarydygyny görkezýärler.

Oturmagyň täsirini hatda maşk etmek hem azaldyp bilmez. Başga täze bir barlaga görä, maşk edýän, ýöne günüň galan bölegini oturyp geçirýän adamlar eden maşyklarynyň metabolik peýdalaryny ýitirýärler.

Şeýle-de bolsa, oturmagyň beýni saglygyna täsir edýändigi heniz näbelli. Käbir barlaglar oturmagy Alsgeýmer keseli we demensiýanyň beýleki görnüşleri ýaly ýat keselleri bilen baglanyşdyrýar. Emma, olaryň adamlaryň näçe wagt oturandyklary baradaky ýatlamalaryna bil baglaýandygy zerarly barlaglar örän nätakyk bolup biler.

10 sagat oturmak beýni keselleriniň döreme töwekgelçiligini ýokarlandyrýar

Barlag erkekler we aýallar günde azyndan 10 sagat otursalar, gelejek 7 ýylda demensiýa keseliniň döreme howpunyň 10 sagatdan az oturýanlara seredeniňde 8% köpdügini ýüze çykardy. Her gün azyndan 12 sagat oturgyçda oturyp geçirýän adamlarda demensiýanyň döreme howpy 63% ýokarlanýar.

"Biz bütin gün iş ýerinde, telewizoryň öňünde, awtoulagda we beýleki ýerlerde oturanymyzda, oturýan sagatlarymyz has artýar" – diýip, täze barlaga ýolbaşçylyk eden Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň antropologiýa we biologiýa ylymlarynyň professory Dawid Raiçlen aýdýar.

Maşk etmek oturmagyň täsirini azaltmaýar

Geň galdyryjy zat: maşk oturmagyň zyýanyny kemeltmeýär. Maşk edip, soňra 10 sagat ýa-da ondan köp wagtlap oturan adamlaryň kän maşk etmeýän adamlara seredeniňde demensiýa ýolukmagy has ýokary.

Dik durup ýa-da ýöräp arakesme etmek peýda edermi?

Alymlar köp oturyp käwagt bolsa arakesme eden adamlaryň arasynda birneme üýtgeşmäniň barlygyny bellediler. Eger ýeriňden turup ýöreseň, emma günde 10 ýa-da has köp sagat otursaň töwekgelçilik kän üýtgemeýär. Netijede, adamyň günüň dowamynda jemi näçe sagat oturýandygy iň möhüm rol oýnaýar.

Töwekgelçiligi nädip azaldyp bilerin?

"Demensiýa howpuny kemeltmegiň iň gowy usuly oturýan sagatlaryňyzy azaltmagyň ýollaryny tapmakdyr. Biziň barlagymyzda günde 9.5 sagat hereketsiz bolan adamlaryň töwekgelçiligi ýokarlanmady" – diýip, Dawid Raiçlen belleýär.

Işiňiz oturgyçda we kompýuteriň öňünde köp wagt oturmagy talap edýän bolsa, günüň dowamynda hereketde bolmak üçin mümkinçilik tapyň. Telefonda gürleşýärkäňiz ofisiň içinde ýöräň. Pyýada ýörişleri ediň. Günortanlyk naharyňyzy sargap getirtmegiň ýerine gidip alyň.

Näçe sagat otyrýanlygyňyzy hasaplamaga synanyşyň. Oturýan wagtyňyz 10 sagada ýetende ýa-da ondan artykmaç bolsa, has köp hereket ediň.

Çeşme

  • 226 gezek okalan