ABŞ DÜNÝÄDE AIDS-E GARŞY GÖREŞMEGİNİ BES EDERMİ? - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

ABŞ DÜNÝÄDE AIDS-E GARŞY GÖREŞMEGİNİ BES EDERMİ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

abs dunyade aids e garsy2003-nji ýylda ABŞ-nyň prezidenti Jorj W. Buş tarapyndan ABŞ-nyň Prezidentiniň AIDS-e garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz meýilnamasy (PEPFAR) döredildi. PEPFAR bütin dünýäde AIW-e jogap bermegiň wajyp bölegine öwrüldi. Bu meýilnama AIW/AIDS keselleriniň iň köp ýaýran pes girdejili ýurtlaryna goldaw berýär. PEPFAR $110 milliarddan gowrak maýa goýum arkaly gözegçiligi ýokarlandyrmak, kliniki hyzmatlaryň uly toruny döretmek we dermanlaryň üpjünçilik zynjyrlaryny dolandyrmak esasynda saglyk ulgamlaryny düýpgöter üýtgetdi. Bu meýilnama AIW bilen bagly ~25 million ölümiň öňüni almaga kömek etdi. Guramanyň hyzmatlaryndan başga-da millionlarça adam gytaklaýyn peýdalanýan bolmagy mümkin.

PEPFAR her bäş ýyldan maliýeleşdirilýär we esaslandyrylan gününden bäri her bäş ýylda bir gezek täzelenip gelinýär. Emma, bu gezek maliýeleşdirmegiň möhleti 30-njy sentýabrda gutardy. Gysga möhletde PEPFAR möhüm öňüni alyş, ideg we bejeriş hyzmatlaryny bermegini dowam eder. Ýöne, bu sapar ABŞ Kongresi meýilnamany täzelemedi.

Baýden administrasiýasy PEPFAR-yň ýene bäş ýyl uzaldylmagyny goldaýar. Aborta bolan hukuklary goldamaýan respublikan garşydaşlar welin meýilnamanyň ýene bäş ýyl uzaldylmagyna garşy çykýarlar. Olar meýilnamanyň abort hyzmatlaryny öňe sürmek ýa-da üpjün etmek üçin serişdeleri bermegini bes etmese PEPFAR-yň täzelenmezligini talap edýärler.

Hukuk goraýjylar PEPFAR-yň abort hyzmatlaryny maliýeleşdirmeýändigini ýa-da bermeýändigini we pul serişdeleriniň hiç biriniň abort hyzmatlaryny maliýeleşdirmek üçin gönümel ýa gytaklaýyn sarp edilmeýändigini aýdýarlar.

Çeşme

  • 188 gezek okalan