15-NJI OKTÝABR – OBA AÝALLARYNYŇ HALKARA GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

oba ayallarynyn halkara guniOba aýal-gyzlarynyň jemgyýetimiziň durnuklylygynda deňsiz-taýsyz rolunyň bardygyny bilýärmidiň?

Oba aýallary öz jemgyýetlerine iýmit howpsuzlygyny üpjün edýärler, klimatyň üýtgemegine eserdeň taýýarlanýarlar we uýgunlaşýarlar, ykdysadyýetleri pugtalandyrýarlar. Şeýle-de bolsa, diskriminirleýji kanunlar we sosial normalar ýaly gender deňsizlikeri tiz üýtgäp duran ykdysady, tehnologik we daşky gurşaw ýagdaýlary bilen birleşip, olaryň doly potensiallaryny durmuşa geçirmegine böwet bolýar.

↪ Pes girdejili ýurtlarda aýallaryň 64%-i, orta girdejili ýurtlarda 42%-i oba-hojalygynda zähmet çekýär.

↪ Aýallar oba-hojalygyna degişli ýer eýeleriniň 15%-den hem azyny düzýärler.

↪ Obalardaky garyp maşgalalaryň gyzlarynyň 18 ýaşdan öň durmuş gurma ähtimallygy ýokary bolup, käbir ýurtlarda garyp hojalyklardaky oba gyzlarynyň 50%-den köpüsi çagalykda durmuşa çykarylýar.

↪ Pes girdejili döwletlerde iň garyp oba aýallarynyň diňe 2%-i ýokary orta bilim alýarlar.

↪ Dünýädäki internete baglanmadyk 3.7 milliard adamyň aglabasyny maddy ýagdaýy we bilimi pes, obaly aýal-gyzlar düzýär. Türkmenistanda şäher ýerlerindäki 15-49 ýaşly aýal-gyzlaryň tas 70% internet ulanýar, emma obalylaryň diňe 50%-i.

Bu ýagdaýlaryň netijesinde oba aýallarynyň ýaşaýyş standartlary, girdejileri we saglyk ýagdaýlary pes bolýar. Olaryň maşgalada we jemgyýetlerinde özbaşdak karar kabul edip bilme güýji hem peselýär, täjirçilik ýa-da oba-hojalygynda önümçiligi ösdürmek üçin kredit alyp bilmeýärler, bilim almakda we işe girmekde päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, şeýle-de zuluma, irki göwrelilige, jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän kesellere sezewar bolma töwekgelçiligi ep-esli artýar. Meselem, ýurdumyzda 15-49 ýaşly oba aýallarynyň 58%-i ýanýoldaşynyň özüne el galdyrmaga hukugynyň bardygyna ynanýar.

Obaly aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak we ýaşaýyş hilini ösdürmek üçin:

↪ Göwnejaý iş we sosial goraglylygy gazanmaly.

↪ Olara bilim we tejribe almak elýeterli edilmeli.

↪ Energiýany we tehnologiýany durnukly ösdürmeli.

↪ Zulumy we zyýanly adatlary ýok etmeli.

↪ Aýallaryň karar berme we ýolbaşçylyk etme mümkinçiliklerini artyrmaly.

↪ Aýallaryň klimatyň üýtgemegine uýgunlaşma ukybyny ösdürmeli.

  • 201 gezek okalan