IŞ SÖHBETDEŞLİGINDE SEKSIST SORAGLARA NÄDİP JOGAP BERMELİ? - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

IŞ SÖHBETDEŞLİGINDE SEKSIST SORAGLARA NÄDİP JOGAP BERMELİ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

is sohbetdesliginde seksizmIşe almakda gender diskriminasiýasy biziň üçin öwrenişilen we adaty bir zat ýaly görünýär. Emma, bu kanuna garşydyr we kabul edilmeli däldir. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 7-nji maddasynda işgäriň jynsyna, ýaşyna, şeýle hem işgärleriň işewür sypatlaryna baglylykda zähmet hukuklarynda çäklendirmä ýa-da olary durmuşa geçirmekde haýsydyr bir artykmaçlary almagyna ýol berilmeýär.

Söhbetdeşlikde aýallar aşakdaky ýaly soraglary eşidip biler:

↪ Çaga dogurmak ýa-da durmuşa çykmak planyňyz barmy?

↪ Erkekleriň agdyklyk edýän toparynda işlemek tejribäňiz barmy?

↪ Kiçi çagalaryňyz barmy? Olar ýygy-ýygydan keselleýärlermi?

Iş söhbetdeşliginde ýüze çykan kynçylyklardan başga-da, aýallar erjeşmä, zähmet haklarynyň deňsizligine we käbir wezipeleriň "erkekleriň işi" hasaplanylýandygy sebäpli başga wezipä geçip bilmezlik bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şeýle-de bolsa, jemgyýetimizde adam gatnaşyklaryna esaslanýan soraglar berilse gowy bolardy. Meselem: çagaly aýaldan iş beriji nähili hemaýat alýandygyny we kompaniýanyň oňa nähili goldaw berip biljekdigini sorap biler. Bu dartgynlylygy azaldyp, söhbetdeşlige çäk goýup biler.

Söhbetdeşlik üçin öňünden emosional taýýarlyk görmeli. Aljyrasaň islendik dem alyş usulyny ulanyp bilersiň. Öz-özüňi tankytlamazlyk hem möhümdir. Gurşawa öwrenişmek üçin söhbetdeşlige birneme irräk barmak has gowudyr. Söhbetdeşlik wagtynda rahat oturmaga, dyngy bermäge, gaýtadan soramaga we sorag bermäge hakyň bar. Oturyşyňa dykkat edip, bedeniňe gulak assaň özüňi has gowy duýarsyň. Aýaklaryňy ýerde saklap, garnyň bilen dem al.

Käwagt aragatnaşyk gurmak ýa-da motiwasiýaňy barlamak üçin şahsy soraglar berilýär. Şeýle ýagdaýda söhbetdeşligiň gidişine görä duýgularyňa bil baglap bilersiň. Şahsy temalary sorap basyş etmek ýa-da anyklajak bolmak kabul ederliksiz. Çagalaryň we çaga dogurmak planyň hakynda sorasalar özüň barada aýdyp, jogap berip bilersiň. Meselem:

↪ Men öz başarnyklarym barada aýdyp bilerin. Çünki, bu iş ýerinde möhüm zat diýip hasaplaýaryn.

↪ Kompaniýaňyzyň maşgala gatnaşyklarynyň gymmatyny goldaýandygyny ýa-da goldamaýandygyny bilmek mümkinmi?

↪ Professional işim we maşgalam meniň üçin möhüm. Olary deňagramly saklamagy makul bilýärin.

Şeýle hem, faktlara bil baglap bilersiň. Mysal üçin: "Boş iş orny baradaky beýanda beýle maglumatlary görmedim. Bu siziň kompaniýaňyz üçin wajypmy?" Hoşniýetli äheňi saklasaň, diňe bir öz pozisiýaňy aýdyňlaşdyrman, eýsem özüňe ynamyňy-da ýitirmersiň. Özüňe rahat bolsa maşgalaň barada maglumat paýlaşyp bilersiň. Şeýle-de bolsa, iş berijiniň soraglary seniň çäkleriňi aşsa, aç-açan we gödek diskriminasiýa etse, şeýle gurşawda işlemek gelejekde has kyn bolar. Diskriminirleýji we seksist kompaniýada ösmek agyr düşer. Beýle ýeriň saňa laýyk bolmazlygy ahmal.

Ýatda sakla: Iş berijiniň özüni alyp barşyna syn edip kompaniýa barada umumy pikir ýöredip bilersiň. Iş beriji söhbetdeşlik wagtynda çäkden çyksa, ony duýmazlyk mümkin däl. Şeýle ýagdaýda garşylyk görkezmek üçin haýsy usuly ulanjagyňy saýla. Durnuklylygyňy we hoşniýetliligiňi saklamak bilen, gepleşiklerde öz çägiňi bildirmek möhümdir. Dartgynly ýagdaýdan soňra duýgularyňa düşünmek, olary beýan etmek, olar barada gürleşmek we eserdeňlik bilen jogap bermek maslahat berilýär.

Çeşme

  • 245 gezek okalan