TÄJİGİSTANDA RUHY SAGLYK WE AÝAL-GYZLARA GARŞY ZORLUK - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

TÄJİGİSTANDA RUHY SAGLYK WE AÝAL-GYZLARA GARŞY ZORLUK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Täze barlagatajigistanda ruhy saglyk görä, Täjigistanda 15-49 ýaş aralygyndaky durmuşa çykan aýallaryň 60%-i ýoldaşlary tarapyndan zorluga ýa-da emosional erjeşmä sezewar edilipdir. Bu görkeziji maýyplygy bolan aýallaryň arasynda 90%-den gowrak. Köplenç ýaş aýallara diňe ýanýoldaşlary däl, eýsem beýleki maşgala agzalary hem zulum edýärler.

Bu zorlugyň aýallaryň ruhy saglygyna täsiri juda ýaramazdyr. Täjigistanly aýallar özünden hoşalsyzlyk, depressiýa we çetleşme ýaly çuňňur psihologik dartgynlylykda ýaşaýandyklary barada habar berýärler.

Aýallar we erkekler zorlugy köplenç ykdysady durnuksyzlyk bilen baglanyşdyrýarlar. Zyýanly garaýyşlar we hereketler aýallaryň fiziki we ruhy saglygyny erbetleşdirýär, hukuklaryny we erkinlini çäklendirýär, maşgala abadançylygyna goşýan goşantlaryny kemeldýär. Ruhy saglygyň bu ýiti krizisi hassahanalaryň we saglyk merkezleriniň şeýle saglyk ýagdaýlaryny bejermek üçin enjamlaşdyrylmadyk oba ýerlerinde has-da güýçlenýär.

Zorluk meselesine çözgüt: Täjigistanda global parahatçylyk ugrunda işleýän haýyr-sahawat guramasy bolan International Alert özüňi alyp barşy üýtgetmäge we durmuş eklenjini goldamaga gönükdirilen "Living with Dignity" (Mertebe bilen ýaşamak) taslamasyny alyp barýar.

Taslama ornaşdyrylmazyndan ozal oňa gatnaşýan aýallaryň we gyzlaryň ýarysyndan gowragy suisid barada pikir edýändiklerini aýdypdyrlar. Soňra gatnaşyjylar maýyplygy bolan aýallaryň ruhy saglygynyň 90% gowulaşandygyny we maşgaladaky zorlugyň ep-esli azalandygyny habar berdiler.

Meýilnama: Täjigistanda we Gyrgyzystanda "Living with Dignity" taslamasynyň usulyýetini beýleki pudaklara hem ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Onuň netijeleriniň gender esasly zorlukdan we psihologik dartgynlylykdan ejir çekýän aýallar üçin eklenç goldawynyň we ruhy saglyk hyzmatlarynyň giňeldilmegine ylham bermegine garaşylýar.

Çeşme

  • 292 gezek okalan