BÜTINDÜNÝÄ SÜÝJI KESELE GARŞY GÖREŞ GÜNI – 14-NJI NOÝABR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Süýji keselibd suyji kesele garsy gs guni (diabet) hroniki kesel bolup, haçanda aşgazanasty mäz ýeterlik insulin bölüp çykarmasa ýa-da beden bölünip çykýan insulini netijeli ulanyp bilmese ýüze çykýar. Insulin gandaky şekeri (glýukoza) sazlaýan gormondyr. Gandaky şekeriň ýokarlanmasy ünsden düşürilse, beden ulgamlaryna, esasan-da nerw we gan damarlaryna çynlakaý zeper ýetirýär. Süýji keseli körlügiň, böwrek durmasynyň, insultyň, beýnä gan inmäniň we beden bölekleriniň kesilip aýrylmagynyň iň uly sebäbidir.

1980-nji ýyldan bäri dünýä ilatynyň içinde süýji keseli 4.7%-den 8.5%-e çenli arty. Bu artyşyň pes we orta-girdejili ýurtlarda has çalt depgindedigini BSGG belleýär. 80-nji ýyllarda Türkmenistanyň ilatynyň 5%-nde süýjülik bolan bolsa, 2016-njy ýylda ol 10%-e çykdy. Bu keseliň artmagy oňa eltýän töwekgelçilik faktorlarynyňam, ýagny semizligiň we aşa semizligiň hem artandygyny görkezýär. 2016-njy ýylyň hasabyna görä, ýurdumyzyň ilatynyň 52.5%-i semiz, 18.8%-i aşa semizdir.

Alamatlary

Süýji keseliniň alamatlary birden ýüze çykyp biler. 2-nji derejeli süýji keseliniň alamatlary ýeňil bolup, ençeme ýyllap bildirmezligi mümkin:

↪ Aşa suwsamak;

↪ Adatdakylardan has ýygy buşukmak;

↪ Görşüň bulaşmagy;

↪ Ýadawlyk;

↪ Niýetlenmezden horlanmak.

Keseli anyklamak üçin wagtly-wagtynda lukmanyň barlagyndan geçmeli we ganyňy barlatmaly. Özwagtynda anyklamak keseli ötüşmekden saklar.

1-nji derejeli süýji keseli

Süýjüligiň bu görnüşinde bedende ýeterlik insulin gormony bölünip çykmaýar we gündelik insulin almaly bolýar. 2017-nji ýylda dünýä ýüzünde 9 million adam 1-nji derejeli diabet bilen ýaşaýardy. Munuň sebäbi hem, öňüni alyş ýollary hem näbelliligine galýar.

2-nji derejeli süýji keseli

Keseliň bu görnüşinde beden şekeri energiýa üçin netijeli ulanyp bilmeýär. Eger bejerilmese, bu gandaky şekeriň aşa ýokarlanmagyna eltýär. Süýjülikli adamlaryň 95%-den köpüsinde 2-nji derejeli süýjülik bar. Bu görnüşli süýjülik öňler diňe ulularda gabat geýärdi, emma indi çagalaryň arasynda hem köpelýär.

Göwrelilikde döreýän süýji keseli

Göwrelilik döwründe ýüze çykýan süýji keseline giperglikemiýa diýilýär. Göwrelilikde süýji keseline uçraýan aýallar göwreliligiň dowamynda we dogumda gaýraüzülmeleri başdan geçirip bilerler. Şeýle-de, olaryň özleri we bäbekleri gelejekde 2-nji derejeli süýji keseli bilen kesellemek töwekgelçiliginde bolýarlar.

Sen süýji keseline garşy göreşýärsiňmi?

2-nji derejeli süýji keseliniň öňüni almagyň ýa-da ýüze çykmasyny gijikdirmegiň iň gowy ýoly durmuş ýörelgäňi üýtgetmekdir:

↪ Sagdyn beden agramyna ýet we ony sakla;

↪ Hereketde bol we günde azyndan 30 minut orta agyrlykda maşk et;

↪ Ýokumly iýmitlen we şekerden hem doýgun ýaglardan daş dur;

↪ Çilim çekme.

United Nations

  • 237 gezek okalan