AÝALLAR, PARAHATÇYLYK WE HOWPSUZLYK INDEKSI 2023

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ayallar parahatcylyk we howpsuzlyk indeksiAýallar, parahatçylyk we howpsuzlyk (APH) indeksi Georgetown Institute for Women, Peace and Security we PRIO Gender, parahatçylyk we howpsuzlyk merkezi bilen bilelikde Norwegiýanyň daşary işler ministrliginiň goldawy bilen 2017-nji ýyldan bäri her iki ýylda bir gezek çap edilýär. 2023-nji ýylyň APH indeksi 177 ýurtda aýallaryň statusyny üç ölçeg boýunça bahalandyrýar:

1. Aýallaryň inklýuziýasy (ykdysady, sosial, syýasy);

2. Aýallaryň adalata elýeterliligi (resmi we resmi däl diskriminasiýa);

3. Aýallaryň howpsuzlygy (şahsy, töwerek-daş we jemgyýetçilik derejelerinde).

Hasabatda ýokarky ölçegler boýunça her ýurda 0-1 aralygynda bal berilýär. Ölçemek üçin maglumatlardyr sanlar BMG gulluklary, Bütindünýä Banky we Gallup Bütindünýä soragnamasy ýaly, ygtybarly çeşmelerden alynýar. Bu ýylyň esasy netijeleri:

↪ Hiç bir ýurt hemmetaraplaýyn iň gowy baha mynasyp bolmady. Bu her ýurduň hem has kämilleşmeli ýerleriniň bardygyndan habar berýär.

↪ Ýurtlaryň, sebitleriň we görkezijileriň arasynda uly deňsizlikere gabat gelmek bolýar. Bu global derejede hyzmatdaşlygyň we arkalaşygyň wajypdygyny görkezýär.

↪ Aýallaryň gowy durmuşda ýaşaýan ýurtlary has parahat, demokratik, rowaçly we klimatyň üýtgemegine has gowy taýýarlykly bolýarlar.

Türkmenistan 

Türkmenistan APH 2023 indeksinde 0.750 bal bilen 58-nji orny eýeläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başyny çekýär (Gazagystan 70, Täjigistan 90, Özbegistan 94, Gyrgyzystan 95-nji orunlarda). 2017-nji ýylky hasabatda 80-nji orunda bolandygyny nazara tutsak, ýurdumyzda öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýdyp bolar. Meselem, ýurdumyz dünýäde aýallaryň özüni iň howpsuz duýýan döwletleriniň biri hasaplanylýar (91%). Şeýle-de bolsa, Türkmenistan Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde aýallaryň adalata elýeterliligi boýunça iň ýaramaz bal gazanypdyr (0.66). Adalata bolan elýeterlilik görkezijisi 0-4 ballar aralygynda bahalandyrylýar we ýurtda aýallaryň adalaty dikeltmäge bolan howpsuz we netijeli mümkinçiliklerini ölçeýär – bularyň içine kazyýet işini açmak, adalatly kazyýet diňleýişlerine gatnaşmak we hukuklary bozulan halatynda ýerlikli öwezini almak ýa-da goranmak çäreleri hem girýär. Türkmenistan sebitde aýallaryň ykdysady inklýuziýasy boýunça hem iň yzky orunda goýulýar (35.5%). Ykdysady azatlyk aýallaryň üstünlikli durmuşda ýaşamagy we arzuwlaryny durmuşa geçirmegi üçin derwaýysdyr. Şahsy bank hasaby bolmaýan aýallar öz durmuşlaryna degişli kararlara gelmekde, zerur hyzmatlary kabul etmekde we zyýanly gatnaşyklardan daşlaşmakda kynçylyk çekýärler.

Aýallaryň inklýuziýasy, adalata bolan elýeterliligi we howpsuzlygy boýunça görkezijileri birleşdirýän ýeketäk hasabat bolan APH indeksi tendensiýalary yzarlamakda, kanun çykarylanda salgylanmakda we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini gowulandyrmakda berýän wadalary üçin hökümetleri jogapkärçilige çekmekde ulanylyp bilner.

Çeşme

  • 246 gezek okalan