GAZAGYSTANYŇ SAGLYK MİNİSTRI 17 MÜŇDEN GOWRAK GYZAMYK KESELİNIŇ HASABA ALNANDYGYNY HABAR BERDI - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

GAZAGYSTANYŇ SAGLYK MİNİSTRI 17 MÜŇDEN GOWRAK GYZAMYK KESELİNIŇ HASABA ALNANDYGYNY HABAR BERDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

kz gyzamyk keseli28-nji noýabrda Gazagystanyň Saglyk ministri Ajar Giniýat Gazagystanda 17 müňden gowrak gyzamygyň hasaba alnandygyny, kesellänleriň 82%-den köpräginiň esasan waksina almadyk çagalardygyny habar berdi.

Häzirki wagta 2375 çaga keselhanada bolup, olaryň 30-sy agyr ýagdaýda reanimasiýa ýerleşdirildi. Olardan 15-si bir ýaşa ýetmedik çagalar. Ölümçilik entek hasaba alynmady.

Ministr gyzamyk hadysalaryny durnuklaşdyrmak üçin 1-6 ýaş aralygyndaky 600 müňden gowrak çaga waksina berlendigini we bu sanyň meýilnama boýunça immunizasiýa berilmeli çagalaryň 84%-ini düzýändigini ýatlatdy. Ýylyň ahyryna çenli bu ýaş toparyndaky 100 müňden gowrak çaga waksina bermek meýilleşdirilýär.

"Bilşiňiz ýaly, gyzamyk gaýraüzülmelere sebäp bolup, çagalaryň saglygyna ýaramaz täsir etmegi mümkin. Şol sebäpli goranyş çärelerini diňe bir saglygy goraýyş ulgamy däl, eýsem raýatlaryň özleri hem ýerine ýetirmeli. Waksina almakdan başga bu howply kesele garşy göreşmegiň ýoly ýok. Şonuň üçin waksinasiýany güýçlendirmeli" – diýip hökümet başlygy Alihan Smailow nygtaýar.

Çeşme

  • 245 gezek okalan