ÇAGA IÇGEÇMESINIŇ ÇÖZGÜDI ARZAN WE AŇSAT, ÝÖNE NÄME ÜÇIN ONY HEMMELER ULANMAÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Içgeçmeincekesele garsy gores her ýyl dünýäde 500 müňden köp bäş ýaşdan kiçi çaganyň ýogalmagyna sebäp bolýar. Bu ölümleriň aglabasynyň amatly we oňaýly bejergi bilen öňüni alyp bolýar. BSGG içgeçmä esasy çäreleriň biri hökmünde suwa garyp içilýän elektrolit paketlerini maslahat berýär. Elektrolitler bedeniň suw-duz sazlaşygyny dikeldip, içgeçme sebäpli döreýän howply suwsuzlygy bejerýärler. Emma welin, dünýädäki içgeçme hadysalarynyň ýarysyna golaýynda näsaga elektrolit garyndysy berilmeýär.

Ýakynda Hindistanda geçirilen ylmy barlaga görä, hatda çagalardaky içgeçme üçin lukmana ýüz tutanlarynda hem, lukmanlar köplenç elektrolitleri ýazyp bermeýärler. Geň ýeri, ösüp barýan ýurtlarda saglyk işgärleriniň köpüsi elektrolitleriň çaga içgeçmesi üçin ölümden halas ediji we arzan bejergidigini bilýärler, emma ony näsaglara maslahat berýänler örän az. Munuň bolsa esasy sebäbiniň lukmanlar bilen näsaglaryň arasyndaky düşünişmezlikdedigini barlagyň netijeleri aýan edýär. Ýagny, lukmanlar näsaglar elektrolitlerden ýüz öwrer diýip pikir edip, ony ýazyp bermeýärler.

Bu barlag elektrolitleriň ulanyşygyny artdyrmakda lukmanlaryň pasiýentleriň islegleri baradaky pikirlerini üýtgetmegiň möhümdigini görkezýär. Şol bir wagtda, pasiýentler hem içgeçme üçin lukmana ýüz tutanlarynda elektrolitlere güýçli isleg bildirmegi öwrenmeli.

  • 172 gezek okalan