TÜRKMENISTAN I TIPLI SÜÝJÜLI DIABET ÖLÜMLERINIŇ KÖP ÝURTLARYNYŇ BIRI
I tipli süýjüli diabetli adamyň aşgazanasty mäzi insulin gormonyny bölüp çykarmaýar ýa-da ýetersiz mukdarda çykarýar. Insuliniň kömegi bilen gandaky şeker öýjüklere barýar we energiýa üçin harçlanýar. Insulin bolmasa gandaky şeker öýjüklere paýlanylmaýar we ganda üýşüp durýar.
I tipli süýjüli diabet dünýä ýüzünde ýetginjeklerde we ýaşlarda barha artyp barýar. Çagalar insulin ýetmezçiligine has duýgur bolýarlar we olarda diabet ketoasidozynyň ýüze çykma töwekgelçiligi ýokarydyr.
Ýakynda Nature žurnalynda çap edilen ylmy barlag dünýäde 1990-njy ýyldan bäri 10-24 ýaşlylaryň arasynda I tipli süýjüli diabetiň ýaýrawyny, bu kesel sebäpli ýitirilen ömür ýyllaryny we onuň bilen baglanyşykly ölümçiligiň derejelerini derňedi.
Bütin dünýäde I tipli süýjüli diabet 1990-njy ýyldan 2019-njy ýyla çenli 53.36% artypdyr. Bu 30 ýylda I tipli diabetiň köpelendigine garamazdan onuň sebäp bolýan ölümçiligi azalypdyr. Oglanlaryň we gyzlaryň arasynda bu kesel deň derejede artan hem bolsa, ölümçilik we ýitirilen ömür ýyllary gyzlaryň arasynda peselipdir.
Şeýle-de, ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda I tipli süýjüli diabetiň ýaýrawy Jemgyýetçilik ösüşiniň indeksine (JÖI) görä tapawutlanýar. Ýokary jemgyýetçilik ösüşi bolan ýurtlarda I tipli diabet hadysalarynyň sany iň ýokary bolsa-da, ölümçilikleriň sany iň pes. Jemgyýetçilik ösüş indeksi pes ýurtlarda bolsa, ölümçilik hem, ýitirilen ömür ýyllary hem ýokary bolup çykdy.
Sebitler boýunça, Ýewropa I tipli diabetiň iň köp artan sebiti boldy, Ortaýer deňziniň gündogary bolsa ölümçiligiň iň köp artan sebiti boldy. 2019-njy ýylda bu görnüşli süýjüligiň täze hadysalary boýunça Finlandiýa we Kanada ýurtlaryň başyny çekdi. Şol ýylda Solomon adalary we Türkmenistan dünýäde iň köp I tipli süýjüli diabet ölümleri hasaba alnan ýurtlar boldular. Dünýä ýüzünde I tipli diabet sebäpli ýitirilen ömür ýyllary azalyp barýan hem bolsa, 2019-njy ýylda pes jemgyýetçilik ösüşli ýurtlarda görkezijiler ýokary bolup galdy – olaryň içinde hem, Türkmenistan we Haiti ýitirilen ömür ýyllary iň ýokary döwletlerdir.
Soňky 30 ýylyň içinde lukmançylykda gazanylan üstünlikler adamlaryň I tipli diabet sebäpli ýitirýän ömür ýyllaryny azaldan hem bolsa, bu görnüşli diabet ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda ulalyp barýan mesele bolup galýar. Barlagyň awtorlary muňa çäre hökmünde çagalarda sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürýän maksatnamalaryň durmuşa geçirilmelidigini belleýärler.