TÜRKMENISTANDA EÝESIZ HAÝWANLARYŇ SAKLANYLÝAN ÝERLERINIŇ TELEFON BELGILERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

eyesiz haywanlar2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde, Bütindünýä ýer güni mynasybetli, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistana wekiliýeti özüniň X (ozalky Twitter) we beýleki sosial mediýa sahypalarynda ýurtdaky eýesiz haýwanlaryň saklanýan ýerleriniň birnäçesiniň telefon belgilerini paýlaşdy.

Wekiliýet Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde haýwanlaryň saklanylýan ýerleriniň haýyşy boýunça käbir haýwanlaryň sterilizasiýa edilmegine kömek etjekdigini hem belleýär. Ýurt boýunça haýwanlaryň saklanylýan ýerleriniň anyk sany we ýerleşýän ýerleri barada maglumat berilmeýär. 

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

"Umyt adasy" +99362928170; +99365805124;

"Arassa Penje" – +99365880210;

Türkmenistanyň maýyplara goldaw merkeziniň haýwanlaryň saklanylýan ýeri – +99364047338.


  • 146 gezek okalan