ABŞ GURLUŞYK HARYTLARYNDA GIŇDEN ULANYLÝAN EMMA RAK KESELINE SEBÄP BOLÝAN HIMIKATY GADAGAN ETDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

methylene chloride2024-nji ýylyň aprelinde ABŞ-nyň Daşky gurşawy goraýyş gullugy (EPA) metilenhloridiň müşderiler tarapyndan ulanylmagyny gadagan edýän karara gol çekdi. Metilenhlorid gurluşyk boýaglaryny aýryjy serişdelerde giňden ulanylýan himikat bolup, bagyr ragyna we beýleki saglyk bozulmalaryna sebäp bolýar.

Metilenhlorid "dihlormetan" ady bilen hem tanalýan we zäherli bug bölüp çykarýan reňksiz suwuklykdyr. Ol adamlaryň gündelik ulanýan önümleriniň düzüminde hem gabat gelýär (gurluşyk boýaglaryny aýryjylarda, farmasewtik önümçilikde, metal arassalaýjy we ýaglaýjy serişdelerde) we ABŞ-da 1980-nji ýyldan bäri 88 işgäriň ölümine sebäp boldy. Bu himikatyň saglyga ýetirýän zyýanlarynyň käbiri: ragyň dürli görnüşleri, şol sanda bagyr we öýken raklary, nerw, immun we önelgelik ulgamlarynyň bozulmalary.

Täze karara görä, kompaniýalar metilenhloridi köpçülige satmak maksady bilen öndürmegi, taýýarlamagy we ýaýratmagy kem-kemden azaltmaly bolarlar. Himikatyň senagatlarda we öý gurluşyklarynda ulanylmagy çäklendiriler. Önüm bazarlardan bir ýylyň içinde doly aýrylar we onuň senagat we gurluşyk ulanyşygy iki ýylyň içinde doly gadagan ediler. Himikaty diňe "juda zerur" şertlerde harby we senagat işlerinde işgärleriň goraglylygyny üpjün etmek arkaly ulanmaga rugsat berler.

Müşderiler gurluşyk harytlaryny satyn alanlarynda "düzüminde metilenhlorid ýok" diýen bellige üns bermelidirler.

  • 497 gezek okalan