GENDER DEŇLIGI BARADA GAZAGYSTANYŇ ILATY NÄME PIKIRDE?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

gender denligi gazagystanGazagystanda erkek adamlaryň 73 göterimi aýallaryň ýurtda ýeterlik hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýarlar.

Ýakynda Gazagystanyň hökümeti BMG-nyň aýallar we Ösüş programmasy bilen hyzmatdaşlykda gender deňligi boýunça uly göwrümli sosiologik derňew geçirdi. Onda erkekleriň 73, aýallaryň 58 göteriminiň ýurtdaky aýal-gyzlara berilýän hukuklar we mümkinçilikler bilen kanagatlanýandygy belli boldy. Derňewe gatnaşanlaryň aglabasy aýallara garşy zorluga garşy çykýan bolsalar hem, aýallaryň razyçylyksyz jynsy gatnaşyga mejbur edilmeginiň, olary gorkuzmagyň we haýbat atmagyň, we erkekleriň ýakyn gatnaşykdaky aýallarynyň daşky keşbini, puluny we adamlar bilen gatnaşyklaryny öz kontrolynda saklamasynyň hem gender zorlugyna degişlidigine köpüsi düşünmeýärdi. Gatnaşyjylaryň 18%-i erkekleriň aýallaryna ýa-da ýakyn gatnaşykdaky ýoldaşyna el galdyrmagyny doly ýa-da belli bir derejede goldaýarlar. Şeýle-de, gatnaşyjylaryň 60 göterimden köpüsi erkegiň öz aýalynyň ýa-da ýakyn ýoldaşynyň daşky keşbini, adamlar bilen aragatnaşyklaryny we duşuşyklaryny kontrol etmäge doly ýa-da belli bir derejede "hakynyň bardygyny" aýtdylar.

Mesele nämede?

"Bu günki günde Gazagystanda ýarym-däp-dessurçyllar bilen liberallaryň arasynda pikir çaknyşygy bar. Birinji topara degişliler aýallara has köp hukuk bermegiň milli gazak gymmatlyklaryna ters gidip, günbatara meňzejek bolmakdygyna ynanýarlar. Olar aýalyň syýasata goşulmagy aňyrda dursun, işlemegini hem oňlamaýarlar. Iň erbet ýeri hem, ol özlerine ‘däp-dessurçy’ diýýänler eger aýal adamsyna garşy gitse erkegiň el galdyrmaga hakynyň bardygyna ynanýarlar. Gynansakda, häzirki döwürde köpçüligiň öňüne çykýan adamlaryň ençemesi, esasan hem aýallar (olaryň içinde tanymal aýdymçylar we modeller hem bar) ýanýoldaşlary öýe ikinji aýal getirse garşy bolmajakdyklaryny aç-açan mälim edýärler" diýip, ýurtda gazak aýallarynyň hukuklary boýunça aktiwist hem-de halkara hukuklardan magistr Aýgerim Kusainkyzy gürrüň berýär.

Aýgerimiň pikiriçe, öňki ýokary derejeli hökümet işgäriniň ýakynda aýalyny zabunlyk bilen öldürmekde kazyýet jogapkärçiligine çekilmegi gazak jemgyýetinde ideologiýalaryň çaknyşmagyna itergi berdi. Ýurduň raýatlarynyň köpüsi aýallara we çagalara garşy öýdäki zorlugy gadagan etmelidigi barada gürrüň edip başladylar. Çünki häzirki kanunda zorlukly hereketler jezasy ýeňil bolan administratiw jenaýat hasaplanylýar.

Özgerişlik barmy?

Geçen ýylyň soňunda Gazagystanyň prezidenti öýdäki zorlugy gadagan edýän kanun çykarmalydygyny yglan etdi. Soňra hem ýüzden köp rejeleme girizilen täze kanun mejlis tarapyndan tassyklanylyp, senata iberildi. Eger senat hem tassyklasa, kanuna hökümet baştutanyna gol çekäýmek galýar.

  • 323 gezek okalan