TÜRKMENISTANDA ÝOD ÝETMEZÇILIGINE GARŞY NÄMELER EDILÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

yodly duzÇaga düwünçeginiň we ýaş çagalaryň beýnisiniň sagdyn ösmeginde ýoduň wajyp orny bar. Ýod ýetmezçiligi adamyň diňe saglygyna zyýan salmak bilen çäklenmän, onuň ykdysady önjeýliligini we durmuş hilini peseldýär. Ýoduň azyk önümlerinde örän az mukdarda tapylýandygy sebäpli, köp adama goşmaça ýod zerur bolýar. Ilatyň ýod kabul ediş derejesini ýokarlandyrmagyň iň bir netijeli usuly duzy ýod bilen baýlaşdyrmakdyr.

1996-njy ýylda Türkmenistanyň prezidenti "Duzy ýodlamak we uny demir bilen baýlaşdyrmak hakynda" karara gol çekip, ýurtda öndürilýän we import edilýän ähli azyk duzlarynyň ýodlaşdyrylan bolmalydygyny girizdi we 1kg duzuň ýodlulyk derejesini 23±11.5mg bolmaly diýip belledi.

Bu karar kabul edileninden soňra, ÝUNISEF Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde ýurtdaky ýeketäk duz öndürýän zawod bolan Guwlyduz kärhanasynyň önümçilik we ýodlandyryş tehnologiýasyny hem-de ýodlanan duzuň gaplanylyşyny gowulandyrmak üçin birnäçe maýa goýum goýdular.

2000-nji ýylda ÝUNISEF bilen USAID programmalarynyň goldawy bilen geçirilen ilat derňewi ýurduň käbir böleklerinde ýoduň ýetmezçiliginiň dowam edýändigini görkezdi. Mundan soňra, BSGG-nyň we ÝUNISEFIŇ standartlaryna laýyklykda, ýurtda 1kg duzuň ýodlulyk derejesi - 40+/-15 mg bolmaly diýlip üýtgedildi.

2004-nji ýylda BSGG, ÝUNISEF we Ýod ýetmezçilik gözegçiliginiň halkara geňeşi Türkmenistana duzuň ählumumy ýodlaşdyrylmagyny gazanandygy barada halkara güwanama gowşurdy.

2015-nji ýylda geçirilen MICS derňewinde hojalyklaryň 96.7 göteriminde ýodlanan duzuň sarp edilişi million+/15 bölek netije görkezdi. Bu ýoduň ýeterlik möçberde kabul edilýändigini aňladýar.

ÝUNISEF bu ýylyň aprel-maý aýlarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde ýurt boýunça ýodlanan duzuň önümçiligine we bazarlardaky elýeterliligine gözegçilik edýändigini habar berýär. ÝUNISEF Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugyna hem tiz we netijeli duz barlaglaryny geçirmäge mümkinçilik berýän test bukjalaryny gowşurypdyr. Emma soňky ýyllarda ýurdumyzda ýoduň ýetmezçiligine/artykmaçlygyna, onuň bilen bagly kesellilere we ýodlanan duzuň gözegçiligine degişli anyk görkezijiler näbelliligine galýar. Ilatda ýod ýetmezçiligine/artykmaçlygyna garşy göreşmek üçin yzygiderli derňew we gözegçilik işlerini geçirmek we milli saglyk maksatnamalarynyň netijeliligini ölçäp durmak möhümdir.

  • 203 gezek okalan