BMGÖM TÜRKMENISTANDA 114 KLINIKI LABORATORIÝANY DÖWREBAP ENJAMLAR BILEN ÜPJÜN EDÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

lab dowrebap enjam2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanda kliniki we laboratoriýa hyzmatlaryny kuwwatlandyrmaga gönükdirilen taslamanyň çäginde BMGÖM (UNDP) ýurt boýunça 114 sany laboratoriýany döwrebap enjamlar bilen üpjün etdi. Bularyň içine Ahal welaýatynda 10 kliniki laboratoriýa, Aşgabat şäherinde 28 laboratoriýa, Mary welaýatynda 19, Lebapda 27, Daşoguzda 16 we Balkanda 14 laboratoriýa girýär.

Laboratoriýada gurnalan enjamlar dürli görnüşli barlaglary, şol sanda ganyň umumy we biohimiki barlaglaryny, koagulýasiýa, peşew we mikroskopiýa barlaglaryny geçirmäge niýetlenen. Şeýle-de, laboratoriýalar reagentler we sarp ediş materiallary bilen hem üpjün edilýär.

Taslamanyň býujeti 18 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, ol Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär. Iki sany esasy laboratoriýanyň Aşgabat şäherinde ýerleşýändigi we olara ähli welaýat laboratoriýalarynyň barlaglaryň hili we takyklygy babatynda salgylanýandygy Bütindünýä Bankynyň "Türkmenistanyň COVID-19-a garşy göreşmek taslamasy" hasabatynda bellenilýär. Bu laboratoriýalaryň salgylary:

↪ Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi – Salgysy: 744020, Aşgabat şäheri, O. Annaýew köçesi, 81-nji jaý; ​Telefon: +993 (12) 73-88-13; E-poçta: This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it.

↪ Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi – Salgysy: 744013, Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, 84-nji jaý; Telefon: +993 (12) 36-90-67, +993 (12) 36-90-97; E-poçta: This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it.

Beýleki laboratoriýalaryň ýerleşýän ýerleri ýa-da aragatnaşyk belgileri barada hiç bir habar gullugynda ýa-da UNDP Türkmenistanyň websaýtynda maglumat berilmeýär.

  • 297 gezek okalan