HÜNÄRMENLER APW WE ÝATGYNYŇ BOÝUNJYGYNYŇ RAGY BARADA NÄME BILMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Adamyň papillomawirusyapw we yatgynyn boyunjygynyn ragy (APW) derä we dürli organlaryň nemli bardasyna (meselem, ýatgynyň boýunjygyna ýa-da çatalba aralygyna) ýokuşýan wirusdyr. Kä halatlarda ýokançlyk siňňile meňzeş ösüntgüleriň döremegine alyp barýar. APW wirus ýokuşan derä, nemli barda galtaşmak arkaly ýa-da beden suwuklyklarynyň üsti bilen adamdan adama ýokuşýar.

Gazagystandaky BMG-nyň ilat gaznasy (UNFPA Kazakhstan) 2024-nji ýylyň aprelinde "APW we ýatgynyň boýunjygynyň ragy: hünärmenler näme bilmeli?" atly gollanmany taýýarlap köpçülige ýetirdi. 16 sahypalyk bu gysga emma maglumata baý gollanma rus we gazak dillerinde elýeter bolup, ony elektron enjamyňa PDF faýl görnüşinde mugt ýükläp alyp bolýar.

Golanmada Adamyň papillomawirusynyň biologiýasy we ýaýraýşy, APW-nyň we ýatgynyň boýunjygynyň ragynyň dünýä we Gazagystan boýunça görkezijileri, olara garşy waksinalaryň görnüşleri we täsirliligi beýan edilýär; şeýle-de APW waksinasy baradaky giňden ýaýran toslamalar paş edilýär. Bu gollanma diňe bir saglygy goraýyş we jemgyýetçilik hünärmenlerine däl, eýsem her bir raýata peýdaly çeşme diýip bolar.

  • 153 gezek okalan