TÜRKMENISTANYŇ GYZYL KITABYNYŇ 4-NJI NEŞIRI ÇAP EDILDI

  • Lukman
1 1 1 1 1

red data book tkm5-nji iýunda, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününde, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi. Gyzyl kitap ýurtdaky ýabany ösümlikleriňdir haýwanlaryň seýrek duş gelýän, sany azalýan hem-de ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleri barada möhüm maglumatlary özünde jemleýär.

Gyzyl kitap milli kanunçylyga hem-de halkara konwensiýalara we ylalaşyklara laýyklykda işlenilip taýýarlanylýar. Oňa girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşleri döwletiň goragy astynda durýar. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Gyzyl kitaby üç gezek – 1985-nji, 1999-njy we 2011-nji ýyllarda neşir edildi.

Kitaba girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň reňkli suratlary we duş gelýän ýerleriniň kartasy bilen bilelikde, olaryň derejesi, genofondy gorap saklamakdaky ähmiýeti, ýaýraýşy, duş gelýän ýerleri, sany we üýtgemek meýli, esasy çäklendiriji sebäpler, köpeldilişi, ösdürilip ýetişdirilişi, gorag üçin görlen çäreler, barlag boýunça teklipler hem-de ulanylan edebiýatlardyr beýleki çeşmeler barada maglumatlar berilýär.

Pursatdan peýdalanyp, biz seni toparymyzyň işläp taýýarlan "Reňkle we öwren: Türkmenistandaky täsin, seýrek we ýitip barýan haýwanlar, ösümlikler we kömelekler" atly reňkleme kitabymyz bilen hem tanyşmaga çagyrýarys. Bu kitap ýurdumyzdaky birnäçe seýrek we ýitip barýan ösümlikleriň we haýwanlaryň reňläp bolýan suratlary bilen bilelikde esasy maglumatlaryny hödürleýär. Kitaby türkmen dilinde şu ýerde we rus dilinde şu ýerde mugt ýükläp alyp bilersiň.

  • 232 gezek okalan