TÜRKMENISTANDA APW WAKSINASYNY ALÝANLARYŇ SANY NÄME ÜÇIN PESELÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

tkm apw waksinasyBSGG-nyň Türkmenistandaky edarasy ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanda ilkinji hil derňewini geçirdi. Derňew ene-atalaryň çagalaryna adamyň papillomawirusyna (APW) garşy waksina almak baradaky pikirlerine nämeleriň täsir edýändigini öwrenmäge gönükdirildi. Saglygy goraýyş işgärleri, ene-atalar we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri bilen interwýular geçirilip, olaryň APW we beýleki çaga waksinalaryny almagyna ýa-da almazlygyna itergi berýän bilimleri, garaýyşlary we endikleri derňeldi. Derňew 2023-nji ýylyň soňunda 3 hepdäniň dowamynda ýurduň şäherlerinde, paýtagtda we 2 welaýatyň obalarynda geçirildi.

Türkmenistanda APW waksinasy

2016-njy ýylda APW-a garşy sanjym Türkmenistanyň Milli sanjym tertibine goşuldy we 9 ýaşy dolan oglanlara we gyzlara berilýär. Ýurtda bu sanjymy alýanlaryň umumy göterimi ýokary bolsa-da, 2021-nji ýyldan bäri ol şäherlerde-de obalarda-da biraz peselip, 99.2%-den 2023-nji ýyla çenli 98.5%-e düşdi.

Derňewiň netijeleri

Ýurtda adamlaryň APW waksinasyna bolan garaýşynyň umuman pozitiwdigi belli boldy. Munuň sebäpleri: ilatyň waksinalar barada umumy pikiri pozitiw we saglyk işgärleri ene-atalaryň we çagalaryň soraglaryna jogap berip, olara waksinanyň peýdalary barada düşündirýärler.

Derňewe gatnaşanlaryň waksina barada bilimi we ynamlylygy ýokary bolsa-da, olaryň biliminde kemçilikler we misinformasiýa aldanmak ähtimallygy ýüze çykaryldy. Bu netijeleri göz öňünde tutup, derňewçiler birnäçe çözgütleri teklip etdiler. Olaryň käbiri:

↪ Çaga waksinalary barada iň täze maglumatlary bir onlaýn portalda köpçülige elýeter etmek.

↪ Saglygy goraýyş işgärlerine okuw geçip, olaryň ene-atalar bilen APW we Milli tertipdäki beýleki sanjymlar barada netijeli aragatnaşyk etmeklerini gazanmak.

↪ Bar bolan maglumatlary we mümkinçilikleri ulanmak arkaly, çagalaryna sanjym almagy gijikdirýän ýa-da islemeýän ene-atalar bilen netijeli çäreleri geçirmek.

Habarlarda derňewiň netijeleri, geçirilen ýerleri we gatnaşyjylary barada anyk sanlar we giňişleýin maglumatlar berilmeýär. Şeýle-de, bu hil derňew işiniň asyl nusgasy häzire çenli internetde köpçülige elýeter däl.

Çeşme

  • 22 gezek okalan