AZIÝADA WE ÝEWROPADA ÝETGINJEKLERIŇ PSIHIKI SAGLYGYNA ÝETERLIK IDEG EDILMEÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yetginjeklerin psihiki saglygyTäze geçirilen ylmy barlaga görä, ýetginjekleriň ençemesi özlerindäki psihiki saglyk meseleleri üçin kömek almagy göz öňünde tutýan ýa-da resmi däl çeşmelerden kömek alýan hem bolsalar, köpüsi kömek üçin resmi çeşmelere ýüz tutmaýarlar.

Finlandiýanyň Turku uniwersitetiniň Çaga psihiatriýa gözleg merkeziniň doktoral barlagçysy we bu barlagyň baş awtory Ýuko Mori şeýle diýýär: "Ýetginjekleriň psihiki saglyk meseleleri üçin alyp biljek kömeginiň iki görnüşi bar: resmi we resmi däl kömek. Ýetginjekler deň-duşlaryndan, mugallymlaryndan we maşgala agzalaryndan resmi däl kömek sorap bilerler. Mekdep şepagat uýalary, psihologlar we konsultantlar bolsa, professional kömek üpjün edip bilýärler. Ýetginjekleriň nireden kömek gözleýändigi hyzmatlaryň elýeterliligine, ýerli medeniýete we psihiki saglyk bilen bagly negatiw düşünjelere bagly bolýar".

Barlagyň geçirilişi

Bu barlagy geçirmek üçin 2011-2017 ýyllar aralygynda sekiz sany Aziýa we Ýewropa ýurtlaryndan (Hytaý, Finlandiýa, Gresiýa, Hindistan, Ysraýyl, Ýaponiýa, Norwegiýa we Wiýetnam) 13,184 sany 13-15 ýaşly ýetginjekler soragnama doldurdylar. Netijeler:

Orta-girdejili ýurtlarda ýetginjekleriň 1%-den hem az bölegi resmi çeşmelerden kömek gözleýärler. Ýokary-girdejili ýurtlarda bu görkeziji biraz beýik: 2%-7% aralygy.

Köplenç, psihiki saglyk meselelerine oglanlara garanyňda gyzlar çäre gözlegen bolýarlar.

Resmi däl kömek çeşmeleri köp ýurtda, esasan hem pes-girdejili ýurtlarda ýetginjekleriň arasynda giňden ulanylýar.

Bu netijelerden ugur alyp, barlagyň awtorlary global derejede psihiki saglyk barada habardarlygy we sowatlylygy ýokarlandyrýan programmalaryň zerurdygyny ýatladýarlar.

  • 23 gezek okalan