POLIOMIÝELIT HENIZ HEM IKI ÝURTDA ENDEMIKLIGINE GALÝAR
Owganystan we Päkistan dünýäde poliomiýelit ýokanjynyň heniz hem endemik bolan ýeketäk iki ýurdy bolup galýarlar. Poliomiýelit esasan hem çagalarda ysmazlyga we ölüme eltip bilýän örän ýokanç wirusly keseldir. Bu keseli bejerip bolmaýar, diňe waksina bilen öňüni alyp bolýar. Polio waksinasynyň birnäçe dozasy adamy ömürlik bu keselden goraýar.
Päkistanyň ýagdaýy
Ýurduň käbir obalarynda ene-atalar çagalaryna polio waksinasynyň berilmegine garşy çykýarlar. Esasan hem soňky wagtlarda bu garşlyklar hökümeti herekete geçirmek üçin ulanylýan gurala öwrüldi.
Iş ýerleriniň, toguň, suwuň, asfalt ýollaryň we beýleki hökümet hyzmatlarynyň üpjünçiligi bilen kanagatlanmaýan obaly ýaşaýjylar polio waksinasyndan ýüz öwürmek arkaly hökümete talaplaryny berjaý etdirmäge çalyşýarlar. Bu ýaşaýjylar Päkistanyň keseliň heniz hem ýüze çykyp duran iki ýurdunyň biridigini we ýurduň bu keseli ýok etmekde halkara derejede nähili agyr basgynyň aşagyndadygyny bilýärler. “Biz çagalarymyzyň aladasyny edýäris, ýöne hökümet hem biziň talaplarymyzy diňe poliomiýelit waksinasyndan ýüz öwürsek diňleýär” diýip, oba ýaşaýjylarynyň biri belleýär.
Owganystanyň ýagdaýy
2024-nji ýylda häzire çenli BSGG ýurtda 18 sany täze polio hadysasyny hasaba aldy. Geçen ýyl diňe 6 hadysa hasaba alnypdy. Heniz anyklanylmadyk hadysalaryň hem köp bolmagynyň mümkindigini aýdyp, ýerli saglyk işgärleri bu sanlaryň has ýokarydygyny çaklaýarlar.
Ýurtda waksinasiýa bilen iş salyşýan saglyk işgäriniň gürrüň bermegine görä, howpsuzlyk we aýallaryň waksina paýlamaga gatnaşýandygy sebäpli, talyban hökümeti polio waksinasynyň gapy-gapy aýlanyp berilmesini wagtlaýynça ýatyrypdyr. Muňa derek talyban waksinasiýanyň ýerli metjitlerde geçirilmegini we adamlaryň çagalaryny waksina almak üçin metjitlere getirmegini isleýär. "Bu polio programmasy üçin örän erbet habar. Poliomiýeliti üstünlikli ýok etmek üçin biz çagalaryň 95%-den köpüsine waksinanyň iki dozasyny beräýmeli. Emma, muny öýme-öý aýlanyp berjaý etmesek, biz maksadymyza ýetip bilmeris. Bu bolsa tutuş ýurdy, hatda sebitimizi hem töwekgellige salýar" diýip, saglyk işgäri biynjalyk bolýar.