ZULUMLY MAŞGALADA ÇAGA ÜÇIN IŇ BÄHBITLI ÇÖZGÜT
Öýdäki (maşgaladaky) zorluk diňe bir sütem edýäne we ejir çekýäne däl-de, eýsem olaryň töweregindäkileriň hem ählisine uly zyýan ýetirip bilýär. Öýdäki zorluk bir öýde bile ýaşaýan adamyňa (ýanýoldaşyňa, çagalaryňa, gartaşan ene-ataňa) ykdysady, fiziki, jynsy, emosional ýa-da psihologik taýdan zulum etmegi öz içine alýar. Islendik adam öýdäki zorlugyň pidasy bolup bilýär, emma köplenç aýallar we çagalar zuluma sezewar bolmaga has ýakyn bolýarlar.
Türkmenistanda hem, aýal-gyzlaryň 60% golaýy adamsynyň aýalyna belli ýagdaýlarda el galdyrmaga hakynyň bardygyna ynanýarlar (ÝUNISEF, MICS 2019). Bu bize ýurdumyzda öýdäki zorlugyň ýygy duş gelýändiginden we onuň adaty ýagdaý hasaplanylýandygyndan habar berýär.
Bu öýdäki zorluga şaýat bolýanlar, esasan hem çagalar barada aladandyrýar. Çünki Birleşen milletler guramasynyň Ilat gaznasynyň hasabatynda bellenilmegine görä, ýurtda adamsy zuluma baş goşýan maşgalalaryň 25 göteriminde çagalar ejelerine el galdyrylmagyna şaýat bolýarlar (2022).
Özlerine zulum edilmese-de, öýdäki zulumly hadysalara şaýat bolýan çagalar bu ýakymsyzlygyň gysga we uzak möhletleýin täsirlerine sezewar bolýarlar. Gysga möhletde olaryň özüni duýşy, özüni alyp barşy, işdäsi, ukusy, okuwa ýetişigi ýaramazlaşyp bilýär. Wagtyň geçmegi bilen bolsa, olar zyýanly endikleri öwrenmäge, jenaýat işlerine baş goşmaga, wagtyndan ir göwreli bolmaga, psihologik bozulmalardan ejir çekmäge ýykgyn bolýarlar. Şeýle-de, öýünde zulumly hereketleri görüp ulalan çagalaryň özleri hem zulum ediji bolup ýetişip bilýärler ýa-da pida öwrülýärler.
Mesele
Maşgala içinde aýal-gyzlara, çagalara garşy zorlugy aklaýan jemgyýetimizde öýde zulum bolup geçse-geçmese maşgalanyň bitewiligi onuň agzalarynyň saglygyndan we bähbitlerinden öňde goýulýar. Zulum bolup geçýän maşgalalaryň agzalarynyň çekýän derdini ýeňledip, olaryň saglygyny we maşgala asudalygyny dikeltmäge kömek edýän lukmançylyk ýa-da jemgyýetçilik hyzmatlary hem ýok diýen ýaly. Hatda, är-aýal hernäçe agzybir we bagtly ýaşaşyp bilmeseler-de, olaryň aýyrylyşman maşgala binýadyny goramagy çagalary üçin iň peýdaly çözgüt saýylýar.
Mähriban okyjy, sen munuň bilen ylalaşýarsyňmy? Näme üçin hawa ýa-da näme üçin ýok?