ÇAGALARYŇ JYNSY TAÝDAN ZORLANYLMAGYNA GARŞY HEREKETE ÇAGYRYŞ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

cagalaryn zorlanylmagyna garsyJynsy zorlugy başyndan geçirýän çagalar bu ýagdaýa gaýtadan uçramaga ýa-da ulalanlarynda özleri şeýle jenaýata baş goşmaga ýakyn bolýarlar. Şonuň üçin-de, adamyň çagalyk döwrüniň zorluksyz geçmegini gazanmak onuň zorluksyz ömür sürmesi üçin möhümdir.

Çagalara edilýän jynsy zorluk näme?

Şikeslenmä, agyra ýa-da psihologik ejir çekmä sebäp bolýan ýa-da sebäp bolmaga iterýän, bilkastlaýyn, razyçylyksyz, zerurlyksyz edilen ýa-da etmäge synanyşylan seksual hereket. Çagalara edilýän jynsy zorluk giňden ýaýran bolup, dünýäniň ähli böleginde, medeniýetinde we ykdysadyýetinde duş gelýär. Emma bu meseläniň göwrümini uzak wagtlap ölçemek kyn boldy. ÝUNISEF ýakynda çap eden "Çagalara garşy jynsy zorlugyň global göwrümi bilen ýüzleşmek" atly hasabatynda çagalaryň sezewar bolýan jynsy zulumynyň global we sebitleýin çaklamalaryny aýan etdi.

↪ Häzirki wagtda dünýädäki aýal-gyzlaryň 5-den 1-i, oglanlaryň we erkek adamlaryň bolsa 7-den 1-i çagalykda jynsy zorluga sezewar bolupdyr.

↪ Dünýä ýurtlarynyň 40%-nde gyzlaryň başdan geçirýän jynsy zorlugy babatynda maglumat kemçilik edýär. Oglanlar babatynda bolsa diňe 34 ýurtda maglumat bar.

↪ Jynsy zorlanma oglanlar hem gyzlar hem sezewar bolýan hem bolsalar, köp ýagdaýlarda gyzlar munuň pidasy bolýarlar.

↪ Jynsy zorlamanyň we jynsy erjeşmäniň pidalarynyň iň köp sanly sebitleri: Saharanyň günortasyndaky Afrika, Gündogar-günorta Aziýa, Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa.

Bu hasabat adam hukuklarynyň zalym bozulmasy bolan bu düýpli meseläni seljermekde ädilen uly ädim hem bolsa, örän köp sanly çagalaryň öz başdan geçirmelerini habar bermeýändikleri ýa-da berip bilmeýändikleri üçin maglumatlaryň hakykatyň diňe bir bölegini görkezýän bolmagy mümkin. Ençeme ýurtlaryň häli-häzire çenli iň esasy maglumatlary hem çap etmändigi çagalara edilýän jynsy zorlugyň statistikasy ýygnalýan beýleki meseleler ýaly ileri tutulmaýandygyny bildirýär.

Hasabat hökümetleri herekete çagyrýar

Dünýäniň ähli ýerinde gyzlara we oglanlara edilýän jynsy zorlugyň beýle ýokary derejeleri jemgyýetleriň çagalaryň iň esasy hukuklaryny goramakda ýeterlik alada etmeýändigine şaýatlyk edýär. ÝUNISEF döwletleri we gyzyklanýan taraplary meselä ulgamlaýyn we bitewileýin çäre gözlemäge çagyrýar. Çäreler şulary öz içine almaly: gender deňsizligini, erkeklik we erkegiň haklary baradaky zyýanly we nädogry düşünjeleri, jynsy zorlugyň pidalaryna adalatsyz we gödek daraşmalary düzeldip, jynsy zorlugyň pidasy bolan her bir çaga adalaty we saglygyny dikeltmäge, gelejekde zyýan ýetmesiniň öňüni almaga kömek edýän hyzmatlary döretmeli.

Bu zorlugyň ähli görnüşleriniň ygtybarly sanlar bilen hasaba alynmagyny gazanmak bolsa bu meseläni aradan aýyrmak ugrunda geçirilmeli ilkinji çäredir. Çünki sanlar jogapkärçilik bilen bile gelýär. Haçanda pidalar sanalanda, olar garaňkylykdan çykarylýar we olary goramak wadalary wysala öwrülip bilýär.

  • 92 gezek okalan