ADY BELLI IÝMIT KOMPANIÝALARY PES ÝURTLARDA PES HILLI ÖNÜMLERI SATÝARLAR
Dünýäniň iň uly iýmit we içgi kompaniýalarynyň ýokary-girdejili döwletlerde satýanlary bilen deňeşdireniňde, pes-girdejili döwletlerde satýan önümlerine saglyga has ýaramsyz diýlip baha berildi.
Bu bahalandyrma hasabaty halkara derejesinde tanalýan we ýaýran 30 kompaniýany öz içine alyp, girdeji üçin döredilmedik ATNI başlangyjy tarapyndan taýýarlanyldy. Nestle, Pepsico, Unilever, Coca-Cola, Mars ýaly kompaniýalaryň dürli ýurtlarda satýan önümleri ýyldyzly bahalandyrma ulgamy arkaly birnäçe kategoriýalarda (jogapkärli marketing, ýokumlylyk, elýeterlilik, jogapkärli etiketkalama we başg.) ölçenildi. Bahalandyrmada ilkinji gezek pes we ýokary girdejili ýurtlar tapawutlandyryldy.
Esasy netijeler
↪ Hökümetleriň çykaran usullary bilen önümleriniň ýokumlylygyny kesgitleýän kompaniýalaryň sany artýar.
↪ Umuman iýmit önümleriniň ýokumlylygy ösen ýurtlara garanyňda, ösmedik ýa-da ösüp barýan ýurtlarda has pes çykdy.
↪ Hiç bir kompaniýa ýokumsyz iýmit önümleriniň 18 ýaşdan kiçi çagalara mahabatlandyrylmagyny dolulygyna gadagan etmeýär.
Bu hasabat hökümetler we gyzyklanýan taraplar üçin oýanmaga çagyryş bolup durýar. Çünki meşhur iýmit we içgi kompaniýalarynyň pes girdejili ýurtlarda barha ýaýrawy artýar hem-de gaplanan, taýýar önümleriň dünýädäki aşa semizlik krizisine goşandy artýar. BSGG häzirki wagtda dünýäde bir milliarddan köp adamyň aşa semizdigini habar berse, Bütindünýä Banky semiz ýa-da aşa semiz adamlaryň 70%-niň pes ýa-da orta-girdejili ýurtlarda ýaşaýandygyny çaklaýar.
Hasabatyň soňunda kompaniýalara ýokumly önümleriň satuwyny, halkara düzgünlere laýyk marketingi we has ýokumly önümleriň elýeterliligini ýokarlandyrmak maslahat berilse, hökümetlere saglyga ýaramly iýmit önümleriniň ilata üpjünçiligini gowulandyrýan we kompaniýalara talaplary artdyrýan kanunlary kabul etmek maslahat berilýär.