MERKEZI AZIÝADA ADAMYŇ METAPNEWMOWIRUSY ÝAÝRAÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

metapnewmowirusGazagystanda we Özbegistanda saglygy goraýyş edaralary ýaş çagaly maşgalalara köpçülik ýerlerinden uzak durmagy maslahat berdi.

Hytaýda soňky hepdelerde adamyň metapnewmowirusy (AMPW) bilen kesellän bolmagy çaklanylýan näsaglaryň aşa köp sanlysy hassahanalary doldurdy. COVID-19 ýaly howply ýokançlyk däl hem bolsa, çagalara we immunoýetmezçilikli adamlara örän agyr degip bilýän bu wirusyň Merkezi Aziýa hem ýaýrandygy barada sosial torlarda gürrüňler edilip başlandy.

Resmiler taýdan tassyklanylmasa hem, bu gürrüňler jany ýoga meňzemeýär. Meselem, Özbegistanda we Gazagystanda saglygy goraýyş edaralary ýaş çagaly maşgalalara köpçülik ýerlerinden seresap bolmagy duýdurdy. Şeýle-de, Özbegistanyň we Gazagystanyň ikisinde hem metapnewmowirus hadysalarynyň ençemesiniň anyklanylandygy barada habarlar çykdy. Gyrgyzystanda bolsa, iki sany AMPW hadysasy habarlaryň başyna geçdi. Täjigistan häzire çenli hiç hili hadysanyň anyklanylmandygyny habar berdi, emma Türkmenistanda ýagdaýlaryň nähilidigi barada maglumatlar köpçülik bilen heniz paýlaşylmady.

  • 121 gezek okalan