TÜRKMENISTANDA AIW ÝOKANJYNY ANYKLAMAK WE BEJERMEK BOÝUNÇA MILLI GÖRKEZMELER WHO/UNAIDS STANDARTLARYNA GABAT GELÝÄRMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tkm aiwBellik: Makalanyň doly görnüşi iňlis we rus dillerinde progres.online saýtynda çap edildi.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin, BMG-nyň agza ýurtlary AIW we AIDS boýunça Syýasy deklerasiýany kabul etdiler. Ilkinji gezek agza ýurtlar 2026-2030 ýyllar üçin özgerişli we ölçegli maksatlary öňde goýdular – bu bolsa AIDS-iň soňuna çykmagy hakykata öwrüp biler.

Türkmenistanyň AIW ýokanjyna garşy göreşmek boýunça milli görkezmelerinden esasy bellikler.

1. AIW-i anyklamak: anyklaýyş usullary BSGG-nyň maslahatlaryna gabat gelmeýär. Keseli anyklamak üçin immunoblot usulyna derek tiz testler ulanylmaýar. Bejergi programmalaryna başlamazdan öňürti gaýtadan barlagdan geçirmek, çagalarda we bäbeklerde AIW barlagynyň duýgurlygy we takyklygy barada, öz-özüňde AIW barlagyny geçirmek barada maslahatlar we gollanmalar üpjün edilmeýär.

AIW-i anyklamagyň döwrebap görnüşlerine geçmek bütin ulgamyň işjeňligini, elýeterligini we amatlylygyny artdyrýar.

2. Antiretrowirus terapiýasy: dessin antiretrowirus terapiýasyny başlatmak ýa-da antiretrowirus terapiýasyny belli toparlarda geçirmek (göwreliler, ýetginjekler we baş.) maslahaty berilmeýär. Bejergi dermanlary BSGG-nyň 2018-19 ýyllarda täze çykaran gollanmasyndaky maslahatlara gabat gelmeýär.

Dessin antiretrowirus terapiýasyny başlatmaklyk adamyň saglygyny gorap saklamak, başgalary goramak we AIW ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin iň netijeli çäredir.

3. Birlikde bolup geçýän keselleriň öňüni alyş we bejerilişi: milli görkezmeler AIW bilen birlikde bolup geçýän keselleriň gözegçiligi barada umumy düşündiriş berse-de, BSGG-nyň soňky maslahatlaryny göz öňünde tutmaýar. Meselem, inçekeseliň, gepatitleriň we beýleki AIW bilen baglanyşykly keselleriň, şeýle-de ýokanç däl keselleriň öňüni almak we bejermek barada maslahatlar ýetmezçilik edýär.

AIW bilen ýaşaýan adamlarda belli ýokanç we ýokanç däl keselleriň, şol sanda psihiki bozulmalaryň hem ýüze çykma töwekgelçiligi ýokary bolýar. Bilelikde bolup geçýän kesellere gözegçilik etmek we çäre görmek AIW bilen ýaşaýan adamlaryň ömrüni uzaltmakda we durmuş hilini gowulandyrmakda uly rol oýnaýar.

4. Hödürlenilýän hyzmatlaryň derejeleri: hyzmatlaryň desentralizasiýasy, gaýtadan paýlanylmagy, delegasiýasy we integrasiýasy, şol sanda hökümete degişli däl pudagyň hem gatnaşmagy boýunça maslahatlar berilmeýär.

Desentralizasiýa we ähli derejelerdäki saglygy goraýyş hyzmatlarynyň integrasiýasy hyzmatlaryň elýeterliligini gowulandyrýar, anyklaýşy we bejergini tizlendirýär, stigmany azaldýar, resurslary tygşytlaýar we bejergileriň gowy netije bermegini ýokarlandyrýar.

5. AIW ýokuşmalarynyň öňüni almak: milli görkezmeler AIW-li adama ýanaşmadan öň keseliň öňüni almak babatynda maglumat bermeýär. Töwekgelçilikli toparlarda AIW-iň ilkinji derejeli öňüni alyş, köpçülikleýin dolandyrylýan öňüni alyş hyzmatlary we ilata gözegçilik boýunça hem maslahatlar kemçilik edýär.

Töwekgelçilikli toparlaryň (neşe serişdelerini ulanýanlar, tenini satýanlar, transgender adamlar we erkekler bilen jynsy gatnaşyk geçirýän erkek adamlar) içinde AIW-iň öňüni alyş programmalary ýöretmek ýokuşmalary azaltmak üçin zerurdyr. Şeýle-de, AIW bilen ýaşaýan aýallaryň hukuklaryny bozmaklyk olaryň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşma we wirusy çagalaryna geçirme howpuny artdyrýar. Ýanaşmadan öňki öňüni alyş çäreleri AIW ýokuşmasyndan 95-99% goraýar.

  • 64 gezek okalan